Pomidoryň bol hasyly

Milli Liderimiz halkymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak ugrunda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl etrap boýunça 60 gektar meýdanda pomidoryň bol hasylynyň kemala getirilmegi-de munuň şeýledigini tassyklaýar. Häzirki wagtda şol ýerlerde bar bolan hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu ugurda etrabyň Nazly Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň gök ekerançylary has-da tapawutlanýarlar. Olardan Döwletmyrat Nuryýew, Sabyr Gurbanow, Täçmyrat Tuwakow dagy özleriniň kärende ýerlerinden bol pomidor hasylyny ýygnap, il saçagyna ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Hojalykda şu wagta çenli ýygnalan pomidor 30 tonnadan gowrak boldy.

Автор записи: admin