Pomidoryň bereketli hasyly

Ter gök önümleriň köp öndürilmeginde Daşoguz welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu ýyladyşhanada iki ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär.
Ýyladyşhanada işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, çyglylygy, howany kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekip, özlerine berkidilen işleri ýokary hilli berjaý edýärler. Munuň özi bol pomidor hasylyny ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär.
Şu möwsümde ýyladyşhanada pomidoryň Bandito görnüşi ösdürilip ýetişdirilip, häzirki wagta çenli 240 tonna golaý pomidor hasyly içerki bazarlarymyza ugradyldy. Bu ýerde iýun aýyna çenli pomidor hasylyny ýygnamak işleri dowam eder. Ýyladyşhananyň işgärleri ýene-de 760 tonnadan gowrak pomidor öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Munuň üçin bu ýerde ähli mümkinçilikler bar.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.