Gözbaşyny halkymyzyň milli ýörelgelerinden alyp gaýdýan ýurdumyzyň hoşniýetli Bitaraplyk taglymaty tutuş dünýäde parahatçylyk söýüjiligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygynyň hem-de onuň şanly senesiniň dünýä jemgyýetçiliginde gymmatlyk derejesine ýetirilendigine Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde giňden bellenilýändigi aýdyň mysaldyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp hem taryhy wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary kalplary joşly ildeşlerimiziň ýürek şatlygyny goşalandyrdy. Bu özboluşlylyk ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem giň häsiýete eýe boldy. Welaýatymyzyň merdana halky ýurdumyzy döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar babatda ösdürmäge degişli işlere işjeň goşulyşmak bilen, ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna halal hem tutanýerli zähmet çekýärler, toý-baýramlary üstünlikli garşylaýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň many-mazmunyny öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýan ildeşlerimiz dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly häsiýete eýe bolan belent tutumlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Muny göwün galkyndyryjy dabaralaryň ajaýyp pursatlary dolulygyna açyp görkezdi.
Halkara derejesinde bellenilýän baýramçylyk gününiň ir säheri welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň biri bolan Baş baýdak meýdançasyna ildeşlerimiz agzybirlik bilen ýygnandylar.
Bellenen wagtyň gelip ýetmegi bilen, Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. Dabara gatnaşyjylar ellerini gursagyna goýup, oňa ruhubelentlik bilen goşulyşdylar.
Ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň buşlukçysy bolup, al-asmanda buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda baýramçylyk dabarasy dowam etdi. Dabarada çykyş edenler, Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede bellenilýän şanly senesiniň gymmaty, döwletimiziň halkara hukuk derejesiniň esasynda geçen 26 ýylyň dowamynda amala aşyrylan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlar dogrusynda uly buýsanç bilen aýtdylar.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaraly pursatlaryň mazmunyny baýlaşdyrdy. Welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň, tanymal bagşylaryň, estrada aýdymçylaryň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren çykyşlary degre-daşa toý şatlygyny paýlady. Tans toparlarynyň owadan tanslary şirin nagmalar bilen özboluşly gözelligi emele getirdi. Ajaýyp pursatlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar merkezinde geçirilen welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti boýdan-başa şatlyk-şowhuna, baý many-mazmuna beslendi. Konsertde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar, etrap medeniýet merkezleriniň tans toparlary çykyş edip, dabaranyň şowhunyny has-da ýokary derejä göterdiler.
Dabaranyň çäklerinde senagat we dokma, dürli zergärçilik önümleriniň, ussat suratkeşleriň eserleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ajaýyp kitaplarynyň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.