Parahatçylygyň baş sütüni

1995-nji ýylda dünýä diplomatiýasy derejesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy ýaş Türkmenistan döwleti üçin sebit howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm resminama boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli tagallalarynyň netijesinde, BMG tarapyndan 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şu ýyl gözel Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uludan toýlady.
Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda döwrebap özgertmeler amala aşyryldy. 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen, milli parlamentiň täze gurluş düzümine — iki palataly parlament gurluşyna geçildi. Munuň özi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň bilelikde sazlaşykly işlemeginde kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagynyň kämil bolmagyna oňaýly şert döreder. Ýurdumyzda ýokary depginde ösýän ykdysady şertlerde döwrebap özgertmeleriň binýadynda kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde umumy ykrar edilen halkara hukugyň ölçeglerinden ugur alynýar.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz BMG tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur. Bu buýsançly hakykat BMG-niň hem, ýurdumyzyň hem taryhyna altyn sahypa bolup girdi. Çünki hemişe dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, agzybirlik we parahatçylyk ýoluny özüniň syýasatyna berk ornaşdyran ýurdumyz ähli babatda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine eýerýär.
Bu gün gözel Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, dünýä ýüzünde durnuklylygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň nusgasy bolup durýar. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde ykrar edildi. Häzirki wagtda ýurdumyz möhüm ähmiýetli halkara resminamalaryň 150-den gowragyna goşuldy. Olaryň içinde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 130-dan gowragyny agzamak bolar.
Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara ylalaşyklaryň, şol sanda Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň jenaýatçylykly ýol bilen dolanyşygyna garşy göreşmek hakynda Wena Konwensiýasynyň, Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek hakynda Halkara Konwensiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek hakynda Palermo Konwensiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Korrupsiýa garşy Merid Konwensiýasynyň, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 belgili Rezolýusiýasynyň, Ýadro terrorçylygy hadysalaryna garşy göreşmek hakynda Halkara Konwensiýasynyň, Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda Şertnamanyň agzasy bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde ählitaraplaýyn ýokary derejeli ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz ähli babatda belent sepgitler bilen öňe barýar. Özüniň arassa we tebigy milli önümleri bilen tanalýan döwletimiziň ykdysadyýeti ýokary görkezijiler bilen dünýä bazarynda möhüm orny eýeleýär. Dokma senagatynda ýokary hil görkezijilerine eýe bolan harytlarymyz dünýä bazarynda bu gün uly isleg bildirilýän harytlaryň hataryna girýär. Bitaraplyk taglymaty halkara ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýol açyp berýän uly şöhratymyz diýsek, has dogry bolar.

Автор записи: admin