PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILDI

Altyn güýzüň häzirki günlerinde pagtaçy kärendeçiler «ak altynyň» bereketli hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda aladalanýarlar. Bu işde kärendeçilere ýüwrük elli ýygymçylar, mehanizatorlar, sürüjiler ýakyndan ýardam berýärler. Bu Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby babatynda hem şeýledir. Ýygym möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmek maksady bilen, etrabyň jemgyýetçilik guramalary medeniýet, sungat ussatlary bilen bilelikde pagta meýdanlarynda medeni çäreleri geçirýärler. Golaýda şeýle çäreleriň biri etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Allaýar Utemuratowyň ýolbaşçylyk edýän 3-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Gülnabat Borjakowanyň 10 gektar «ak altynly» meýdanynyň ýanynda geçirildi. Ony etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.
Çäräniň geçirilýän ýerinde türkmeniň ak öýleri dikilip, olaryň öňünde gadymy gymmatlyklarymyzyň, pagta önümleriniň sergileri ýerleşdirildi. Günortanky arakesme wagtynda geçirilen bu medeni çärede möwsüme gatnaşýan ýygymçylara, mehanizatorlara, sürüjilere çaý-çörek hödür edildi. Etrabyň tanymal aýdymçylarynyň hoş owazly aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň sahna oýunlary möwsüme gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Şöhrat Aranow, Nurmuhammet Gurbanow, Şyhnazar Köpükliýew, Ogulbagt Garrybaýewa, Oguljan Çomakowa ýaly aýdymçylar bagtyýar döwrümizi, eşretli zamanamyzy, ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitleri, päk zähmeti wasp etdiler. Şeýle hem kitaphana işgärleri Zulhumar Saburowa, Tawus Saryýewa ýurdumyzda gündelik çap edilýän gazet-žurnallardaky täzeliklerdir habarlar bilen tanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndan parçalary okap, olaryň many-mazmunyny düşündirdiler. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy kärendeçilere, ýygymçylara, mehanizatorlara etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Meýdan düşelgelerinde geçirilýän şular ýaly medeni çäreler pagta ýygymyna gatnaşýanlaryň işe bolan höwesini artdyryp, olary öňküden-de yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Автор записи: admin