Pagtaçy kärendeçileriň üstünligi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gowaça ekişini öz wagtynda geçirip, yhlasly zähmetleriniň netijesinde bereketli «ak altyn» hasylyny ýetişdiren kärendeçi daýhanlar şu günlerde ony ýygnamagy öndürijilikli dowam etdirýärler. Şeýlelikde, olaryň arasynda Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän kärendeçileriň sany günsaýyn artýar. Bu barada aýdylanda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini guwanç bilen bellemek bolar. Olar ýokary hilli «ak altyny» harmana tabşyrmak bilen, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu we beýleki ezber kärendeçileriň pagta meýdanlarynda hasyl entek egsilenok. Olar öz gazanan üstünliklerini berkitmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna has uly sowgat taýýarlamagy maksat edinip, pagta ýygymynyň depginini barha güýçlendirýärler. Munuň özi zähmetsöýer pagtaçy daýhanlaryň öz ýetişdiren hasyllarynyň ýeke hanasyny-da zaýa etmän ýygnap almaklaryna şert döreder.

Автор записи: admin