Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni ýurdumyzda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. NSoňra döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky […]
«Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigniň jemi jemlenildi. Däp bolşy ýaly Türkmenistanyň jemgyýetçilik gurmalary Merkezinde baharyň ilkinji güni ýeňijieri mübäreklemek dabarasy boldy. Welaýat we Aşgabat şäheri boýunçä ýeňijiler üçin aýdym-sazly baýramçylyk çäresi guraldy, onuň çäklerinde milli Liderimiziň adyndan ýeňiji zenanlara diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Zenanlar döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda […]
Bananyň peýdalary
Käbir adamlar her gün banan iýýärler, beýlekiler artykmaç semremekden gorkup, olardan gaça durýarlar. Hawa, banan uglewodlara we kaloriýalara baýdyr. Köp kaloriýaly bananlar köp babatda peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Banan ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi, myşsa dokumalarynyň işjeňligi we suw deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bolan kaliýiň ajaýyp çeşmesidir. Bu möhüm elementi diňe iýmit bilen alyp bileris we […]
Mugallymlar üçin okuwçylar we çagalar bilen koronawirusyň keseli (COVID-19) barada gürleşmegiň ýollary
Bütin dünýäde adamlar özüni, maşgalalaryny we jemgyýetini koronawirusyň keselinden (COVID-19) goramak üçin çäreleri görýär. Şeýle-de bolsa, çagalaryň oňaýly, hoşniýetli, inklýuziw we goldaw berýän gurşawda bilim almagyny dowam etmegi zerur. Muny durmuşa geçirmekde mekdepler we mugallymlar uly orny eýeleýär. Koronawirusyň keseli (COVID-19) barada anyk we ylma esaslanan maglumatlaryň alyş-çalşygy çagalarda kesel bilen bagly gorkyny we howsalany […]
Irden limonly suw içmegiň peýdasy
Limon suwuny içmek deri we saglyk üçin örän möhümdir. Her gün irden içjek limonly ýyly suw günüňizi rahat geçirmäge kömek edýär. Aşhanada we naharlarda giňden ulanylýan limon we limon suwy saglyk üçin örän peýdalydyr. Derini täzeleýän we düwürtikler üçin peýdaly bolan limon içegeleri arassalamaga we köşeşdirmäge hem kömek edýär. Gyzzyrma we köplenç gyşda ýüze çykýan […]
Türkmen hususyýetçileri 10 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi
Türkmenistanda oba-hojalyk ekinlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Olar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Bu barada “tstb.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtlara 10 müň 500 tonnadan gowrak pomidor eksport etdiler. Bol hasyl esasan-da, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgysyztana, Birleşen Arap emirliklerine iberildi. Geljekde daşary ýurtlara iberilýän pomidor hasylynyň mukdaryny artdyrmagy göz öňünde tutýan türkmen […]
20-nji martda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisde 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky resminama gol çekildi. Döwlet Baştutanymyz bag ekmek dabarasyny Milli bahar baýramy we Halkara Nowruz baýramyny göz öňünde tutup, her welaýat we Aşgabat şäheri öz çäklerinde bu çäräni guramaçylykly geçirmek üçin tabşyryklar berdi. Şu ýyl ýurdumyzda boýunça […]
Telekeçilik pudagynyň ösüşli menzilleri
Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar […]
“Case” traktorlary halkara sergide
Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda “TataAgroExpo – 2022” atly uly göwrümli ýöriteleşdirilen oba hojalyk sergisi geçirildi. Iki günüň dowamynda 200-den gowrak kompaniýa tehnika we ätiýaçlyk şaýlary, maldarçylyk we ekin öndürmek üçin çözgütler, şeýle hem sebitdäki maýadarlara we oba hojalyk öndürijilerine önümleri gaýtadan işlemek üçin enjamlary hödürledi. Biziň ýurdumyzda hem giňden ulanylýan “Case” we […]
TÜRKMEN BEDEWI: ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDEN BIZIŇ GÜNLERIMIZE ÇENLI
Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp […]