Özbaşdaklygyň belent şuglasy

Ata ýurdumyz Türkmenistan 1991-nji ýylyň altyn güýzünde özüniň Garaşsyzlygyny Ýer ýüzüne buşlady. Merdana halkymyz Garaşsyzlygyny mukaddeslik hökmünde kabul edip, ony janyndan eý görüp sarpalady, mertebesini göterdi. Ak ertirleriň, çogly güneşleriň ýalkymy bilen öňe gadam urup barýan ajap eýýamly Türkmenistan bu gün mukaddeslik saýyp arşa göteren Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar, taryhy ýoluna buýsanç bilen nazar aýlaýar. Ýurdumyzyň bu taryhy döwürde gazanan belent sepgitleri barada Gahryman Arkadagymyz 1-nji sentýabrda talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçen umumy sapagynda jikme-jik durup geçdi.
Syýasatda, ykdysadyýetde, senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda, bilimde, medeniýetde we sportda gazanylan beýik sepgitler bagtyýar halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, tutanýerli halal zähmetiniň netijesinde mümkin boldy. Oýlanyşykly we öňdengörüjilikli alnyp barylýan döwlet syýasatymyz hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alýar. Her bir başy başlanan döwletli we tutumly işleriň halk bähbidine gönükdirilmegi gazanýan üstünliklerimiziň esasydyr. «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» diýen sözleri kalbynyň senasyna öwren Gahryman Arkadagymyz Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsini durmuşa geçirýän beýik işleri bilen şöhratlandyrýar. Ýurdumyzy dünýä tanadyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp bedew batly menzillere ýetirýän hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganatydyr» diýip belleýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gün şol goşa ganat bilen Arş deňine ýeten Türkmenistan atly parlak ýyldyz döredi. Ol diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, halkara derejesinde-de özüniň parlak ýyldyzdygyny äleme buşlady. Parahatçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgelerini ugur edinen daşary syýasatymyz bu gün älem içre dabaralanýar. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ýoludyr. Ol ýol dünýä dostluk goluny uzadyp, parahatçylyga, ynanyşmaga çagyrýan Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýoludyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen şygar bilen dowam edýän şanly ýylymyz hem munuň aýdyň güwäsidir.
Toýlary toýlara, ýyllary taryhy ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda bu gün aýdym-sazyň hoş owazy şanly toýa çagyryş bolup ýaňlanýar. Buýsançly günleri şatlyga, şadyýanlyga, ruhubelentlige besläp, baş baýramymyza barha ýakynlaşdyrýan günler bizi bagtyň gujagyna alyp gidýär. Şanly sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bu gün çar künjegi gurşap aldy. «Bu beýik gün — Türkmenistan Garaşsyz» diýip joşgunly setirleri bilen Garaşsyzlygymyzy buşlan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew mamla. Ol gün beýik gün.

Автор записи: admin