Öý alma, goňşy al!

Gadymy döwürlerden bäri agzybirlik ýörelgesine eýeren halkymyz birek-birek bilen ysnyşykly, oňşukly, onda-da goňşy-golam bilen dost-dogan ýaly ýaşamagyň, ulyny sylamagyň, kiçini söýmegiň gadyr-gymmatyna oňat düşünipdirler.
Goňşusyny, il-gününi sylan, hormatlan halkymyzyň arasynda «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen ajaýyp nakyl döräpdir. Şeýle bolansoň, baryp has irki döwürlerden goňşokara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berlipdir.
Goňşy öýden getirilen hödür-kerem öýüňe mähir-şatlyk getirýär, duz-çörek öý bilen öýi ýakynlaşdyrýar, ysnyşdyrýar, goňşy bilen goňşyny doganlaşdyrýar. Başymyza ýagşy-ýaman iş düşende uzakdaky ile-çalanlarymyz, dogan-garyndaşlarymyzdan öň, möhümimizi duldegşir goňşymyz bitirýär. Şonuň üçin Türkmen aga: «Öý alma, goňşy al!» diýýändir.
Türkmen diňe bir tamdyrdan ýaňy çykan gyzgyn çöreginden, bişiren naharyndan däl, täze gölelän sygrynyň owuz süýdüni, miwe-bakja önümleriniň ilkinji hasylyndan dadyrmagy goňşuçylyk dessurynyň ýörelgesine öwrüpdir. Ilimiz däneli ekinleriň hasylyny alanda bugdaýdan gowurga gowrup, ýarma bişirip, mekgejöwenden patrak, jöwenden köje we zagara bişirip, mäşdir noýbadan hem belli bir möçberde unaşlyk goňşulara dadyrar eken. Şol däp häzir hem ýöredilýär.
Goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymyýetden gelýän däp-dessurdygyna şaýatlyk edýän mysallar türkmen halkynda barmak büküp sanardan kän. Bu mysallar rowaýatlarda, taryhçylaryň ýazgylarynda, halk döredijiliginde öz beýanyny tapýar.
Halkymyzyň asyrlarboýy dowam edýän bu dessury adamzat gatnaşyklaryny we birek-birege bolan ynamy berkitmegiň, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň, özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ýaşaýyş-durmuş taýdan ykrar edilen ýoluna öwrüldi.

Автор записи: admin