Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp, «Ösüşlere baýdyr gözel Diýarym!» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Sergide eziz Watanymyzyň ösüşlerini we Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran özgertmelerini, gözel tebigatymyzy, ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini wasp edýän işler görkezildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň ýörite sowgatlary hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.