Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda önümçilik ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berlip, sarp edijiler bilen baglaşylan şertnama esasynda polietilen we polipropilen turbalar öndürilýär. Zawodyň ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna önüm öndürmäge niýetlenip, bu ýerde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Zawodyň önümçilik ulgamynda oturdylan kämil enjamlar, senagat ulgamyny sanlylaşdyrmak maksady bilen ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sözüň doly manysynda, işi ýeňilleşdirýär. Zawodda işçi-hünärmenleriň jemi 92-si zähmet çekýär. Bu ýerde diametri 16 millimetrden başlap, tä 315 millimetre çenli ölçegli turbalaryň dürli görnüşleri öndürilip, olar gurluşykda, lagym, suw geçiriji ulgamlarda ulanylýar. Zawodda öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar, azyk önümlerini saklamaga niýetlenen, bir gezek ulanylýan gaplar hem öndürilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Gyýanly polimer zawody üpjün edýär.
Bu ýerde öndürilýän önümlere ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýär. Öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy onuň ýurdumyzyň bazarlarynda eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär. Geçen döwrüň içinde zawodda 6 million 606 müň 762 manatlyk dürli önümler öndürildi. Munuň özi bellenen meýilnamadakydan has artykdyr.
Zawodyň gazanýan şunuň ýaly guwandyryjy netijeleri onuň işçi-hünärmenleriniň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek barada beren tabşyryklaryny üstünlikli amal edýändiklerini aňladýar.