Asyrlarboýy ata-baba ýol-ýörelgelerine berk eýerip, geljege ynamly bakýan halkymyz ylym-bilime uly hormat goýupdyr. Il içinde uly hormatdan peýdalanýan adamlaryň aglabasy özleriniň bilimdir zehinleri bilen ile belli bolupdyrlar. Bu gadymdan gelýän milli ýörelgämiz berkarar bolan ajaýyp Diýarymyzda mynasyp dowam etdirilýär.
Ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde-de okuw sapaklaryny döwrebap esasda ýola goýmak üçin ähli şertler bar. Talyplarymyz alan bilimlerini tejribede doly özleşdirmekleri üçin orta mekdeplerde tejribelikde bolýarlar. Geçmişde ata-babalarymyzyň tejribe sapagyndan geçen durmuş ýörelgeleriniň nusgalyk derejede kämilleşendigi mälimdir. Biz hemişe şol kämil nusgawy ýörelgeleri durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanýarys we şoňa görä netije çykarýarys. Bu bilim almak, hünär eýesi bolmak babatda-da şeýledir.
Geçirilýän okuw sapaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly serişdeleriň giňden ulanylmagynyň ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda okuw mekdebimiziň interaktiw otaglarynda multimediýa tehnologiýalarynyň we proýektorlaryň kömegi bilen nazary we amaly okuw sapaklaryny guramaga ähli mümkinçilikler bar. Talyplaryň taryh sapagyny doly özleşdirmeklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda getirilen maglumatlar, dürli rowaýatlar aýratyn ähmiýetlidir. Bu kitapda ady agzalýan ýadygärlikleriň taryhy ähmiýeti barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, baý geçmiş taryhymyz, beýik şahsyýetlerimiz göz öňüňe gelýär. Sanly serişdeleriň kömegi bilen her bir geçilýän okuw sapagynyň temasy boýunça slaýdlaryň we wideoýazgylaryň peýdalanylmagy sapagyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna getirýär.