Eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň ussat pagtaçylary ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanýarlar. Olar bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäni ylmyň soňky gazananlary bilen netijeli utgaşdyrýarlar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil, öndürijilikli tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagy, pagtaçylara tehniki hyzmatyň, döküniň, tohumyň, gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhynyň kepillendirilmegi, daýhanlar bilen tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegi, olaryň salgytdan boşadylmagy, gowaça sortlarynyň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda kesgitlenilmegi ýurdumyzda öndürilýän pagta hasylynyň ýylsaýyn artmagyna hem-de daýhanlara has-da höwesli işlemäge şert döredýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda gowaçanyň tiz ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy hem-de süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýan «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «C —2606», «Ýolöten — 14» ýaly görnüşleri ekilip, bereketli hasyl alnyp başlandy. Hormatly Prezidentimiziň: «Pagtaçylyk oba hojalygynyň örän möhüm pudagy bolup durýar. Gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak, pagtanyň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we hilini gowulandyrmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär» diýip belleýşi ýaly, pagtaçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, gowaçanyň ýokary hasylly sortlaryny döretmek, tohumçylygy gowulandyrmak, ony ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek ýaly möhüm meseleler ylmy-önümçilik we ykdysady taýdan uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň oba hojalykçy alymlary gowaçanyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyllylygy, kesellere we zyýankeşlere çydamlylygy bilen tapawutlanýan sortlaryny ylmy esasda öwrenmek hem-de ekini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehniki çärelerini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Ekini ösdürip ýetişdirmegiň şertleriniň üýtgemegi, täze ykdysady we ekologiýa talaplary gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň kämil agrotehniki kadalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we ulanylmagyny, önümçilige energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. Şu nukdaýnazardan, gowaçanyň hasyllylygyny çürt-kesik ýokarlandyrmakda ekini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmegiň, ýagny topragy ekişe taýýarlamakdan, ýokary hilli ekiş geçirmekden başlap, ekiniň ähli ideg işlerini, ýetişen hasyly ýygnamagy we gaýtadan işlemegi ylmy esasda ýola goýmagyň hem-de bu ugurda gazanylan öňdebaryjy dünýä tejribesini, innowasiýa usullaryny ýerlikli ulanmagyň ähmiýeti uludyr.