Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ruhubelentlige, nuranalyga beslenýär. Ýurdumyzdaky her bir maşgalalaryň, öý-ojaklaryň abadanlygy, saçaklaryň rysgallylygy döwletli döwranymyzyň halkymyza eçilen peşgeşidir
Binýady berkarar döwletimizde raýatlaryň abadan durmuşynyň, jan saglygynyň, ömrüniň goraglylygynyň doly üpjün edilmegi babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, Kararlaryndan, Türkmenistanyň Kanunlaryndan we beýleki hukuk namalaryndan ugur alyp zerur çäreleri durmuşa geçirýärler.
Ata Watanymyzyň gözelligine görk goşýan abadan we rowan ýollaryň rahatlygy, howpsuzlygy babatda durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň düýp mazmuny hem ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalardan gözbaş alýar.
Ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekde her bir raýatyň seresaplylygy elden bermän, kada boýunça hereket etmegi zerurdyr. Köp gatnawly ýollarda, köçelerde awtoulaglaryň, pyýadalaryň hereketlerini sazlaşykly ýola goýmak maksady bilen, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän kadalar, tertip-düzgünler dogrusynda edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň töwereginde, jemgyýetçilik ýerlerinde ýol hereket kadalaryny dogry berjaý etmegi ündeýän gözükdirijiler goýulýar. Olarda zerur maglumatlar suratlaryň üsti bilen düşündirilýär. Şeýle zerur çäreler ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministriliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmaklarynda taýýarlanylan ýörite meýilnama boýunça amala aşyrylýar.