Notarial işi sanlylaşdyrylýar

Sanly ulgamyň ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, ulgamlaryna barha giň gerimde ornaşdyrylmagy döwletimiziň aýdyň ösüş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň notariat ulgamyna hem elektron tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Şonuň bilen birlikde, döwre görä özgerýän jemgyýetiň, raýatlaryň köptaraply ösýän islegi döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, raýatlara we ýuridik taraplara hukuk kömegini berýän notarial edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak çalt depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzda notarial hereketini amala aşyrmagyň halkara tejribesinden ugur alnyp, internet torunyň çäksiz mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak arkaly raýatlara we edara-kärhanalara hödürlenilýän hukuk hyzmatlarynyň elýeterliligi, çalt amala aşyrylmagy we maglumatlaryň howpsuzlygy doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda notarial işini kämilleşdirmek maksady bilen, ähli notarial edaralar optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilip, notariatyň bir bitewi maglumatlar ulgamy döredildi.
Zerur maglumatlary toplamak, işläp taýýarlamak işi toplumlaýyn awtomatlaşdyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde ilata çalt we netijeli hukuk kömegini bermegi üpjün edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ähli notarial edaralarynyň arasynda özara aragatnaşygy saklamaga, işgärleriň tejribe alyşmagyna, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk gelmegine we notarial edaralarynda işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, amala aşyrylýan hereketleriň görnüşleriniň bir ülňüli görnüşde bolmagyny gazanmaga mümkinçilik döredýär.
Notariat edaralarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda, elektron resminamalar bilen beýleki hyzmatlary ýola goýmak hem göz öňünde tutulýar.

Автор записи: admin