Mugallymlar üçin okuwçylar we çagalar bilen koronawirusyň keseli (COVID-19) barada gürleşmegiň ýollary

Bütin dünýäde adamlar özüni, maşgalalaryny we jemgyýetini koronawirusyň keselinden (COVID-19) goramak üçin çäreleri görýär. Şeýle-de bolsa, çagalaryň oňaýly, hoşniýetli, inklýuziw we goldaw berýän gurşawda bilim almagyny dowam etmegi zerur.
Muny durmuşa geçirmekde mekdepler we mugallymlar uly orny eýeleýär. Koronawirusyň keseli (COVID-19) barada anyk we ylma esaslanan maglumatlaryň alyş-çalşygy çagalarda kesel bilen bagly gorkyny we howsalany azaltmaga, olara durmuşynda bolup geçýän beýleki ýagdaýlaryň hötdesinden gelmäge ýardam berer.
Bu makalada mugallymlar üçin dürli ýaşdaky (mekdebe çenlibaşlangyçorta we ýokary synp) çagalary koronawirusyň keseliniň (COVID-19) we beýleki wiruslaryň öňüni almaga we ýaýraýşyny gözegçilikde saklamaga goşant goşmaga itergi berjek maslahatlar beýan edilýär. Islendik gürrüňdeşlikler we çäreler çagalaryň kesgitli zerurlyklaryny, mekdep, ýerli we/ýa-da milli häkimiýetiň maslahatlaryny nazara almaly we ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly ynamly maglumat çeşmelerine esaslanmaly.

Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar

  • Oňaýly saglyk endikleri, mysal üçin, asgyrylanda ýa-da üsgürilende agzymyzy tirsegimiz bilen ýapmalydygy we elimizi ýygy-ýygydan ýuwmalydygy barada aýdyň. Keseliň ýokuşma howpunyň öňüni almak barada şu ýerde has giňişleýin okaň.
  • Çagany koronawirusyň keselinden we beýleki kesellerden goramagyň netijeli usullarynyň biri ýygy-ýygydan azyndan 20 sekundyň dowamynda elimizi ýuwmagy öwretmekdir. Muny tabşyryk beriji äheňde däl-de, onuň üçin gyzykly boljak şekilde öwrediň. Mysal üçin, eliňizi ýuwýan wagtyňyz, The Wiggles topary bilen aýdym aýdyň we bu tans hereketlerini gaýtalaň. El ýuwmak barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden alyň.
  • Çagalaryň elini ýuwuşyna gözegçilik ediň we olary ýygy-ýygydan/wagtynda elini ýuwmaga höweslendiriň.
  • Gurjaklary ulanmak arkaly, keseliň alamatlaryny (asgyrmak, üsgürmek, gyzdyrma) görkeziň, çaga özüni ýaramaz duýan ýagdaýynda (mysal üçin kellesi, garny agyrsa ýa-da gyzdyrsa, ysgynsyz bolsa) näme etmelidigini we kesellän adama goldaw bermegi (duýgudaşlyk we howpsuz endikler) öwrediň.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.