Möwsüm taýýarlykly garşylandy

Bu babatda Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň şäher, etrap düzümleriniň işgärleri ilata jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramak babatada giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar ýyladyş desgalarynyň kadaly hereket etmegini, köçeleriň, ýollaryň ugurlarynda, meýdançalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Jemagat hojalygy işgärleri üçin ýyladyş möwsümi jogapkärli möwsüm, synag döwri bolup durýar.
Birleşigiň garamagyndaky ähli düzümler ýerli häkimlikler bilen ylalaşylan meýilnama esasynda, ýaşaýyş jaýlarynda jemagat hyzmatlaryny yzygiderli ýerine ýetirýärler. Ýyladyş möwsümine girişilmezden ozal, birleşigiň işgärleri ulgamyň taýýarlygyny, ýerine ýetirilen işleriň netijesini bir hatar gözden geçirdiler we synag-barlag işlerini amala aşyrdylar. Jemagat hojalygy birleşiginiň hasabynda ýaşaýyş jaýlarynyň 1523-si bolup, olaryň 346-sy merkezleşdirilen desgalar, 581-si özbaşdak ýyladyş gazanlary, 596-sy peçler arkaly gyzdyrylýar. Birleşigiň hasabynda merkezleşdirilen ýyladyş desgalarynyň 162 sanysy bolup, ýylylyk geçiriji ulgamlaryň uzynlygy 66807 kilometre barabardyr. Olaryň bökdençsiz işledilmegi bolsa esasy wezipe bolup durýar. Umuman aýdylanda, jemagat ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarda möwsüme taýýarlyk döwründe barlag işleri talabalaýyk geçirildi we kemçilikler düzedildi. Elbetde, birleşigiň durmuşa geçirýän şunuň ýaly aladaly işleri jemagat jaýlaryny tutuş möwsümiň dowamynda ýylylyk bilen üpjün etmäge uly mümkinçilikleri berer. Bir söz bilen aýdylanda birleşigiň garamagyndaky jaýlarda 2021-nji  ýylyň 1-nji oktýabryndan ýyladyş möwsümine guramaçylykly girişildi.
Ýyladyş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginde Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşigiň garamagyndaky ýylylyk müdirliginiň işgärleriniň bitirýän hyzmatlary uludyr. Olar şäheriçi jemagat jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlarynyň saz işlemegine gözegçilik edýärler. Ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň hasabyndaky 59 sany desganyň sowuk suw bilen barlag işleriniň geçirilmegi aýdylanlary tassyklaýar. Ol desgalaryň geçirijileriniň uzynlygy 56 müň kilometrden gowrakdyr.
Jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň, desgalarynyň, özbaşdak gazanlaryň, gazanhanalaryň ýylylyk geçiriji ulgamlarynyň aglaba ýerinde ýeňil abatlaýyş we daşyny örtmek işleri amala aşyryldy. Müdirligiň ýyladyş ulgamynyň ussalary, elektrik gözegçileri gije-gündiz işläp, desgalaryň talabalaýyk ýyladylyşyny we elektrik togy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklaýarlar.

Автор записи: admin