Meýdana görk berýän ak hanalar

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň daýhanlary bereketli topragyň 1260 gektar meýdanynda boý alýan gowaçalara ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Bu ýerdäki açylan pagta hanalaryny göreniňde, pagtaçylaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigine guwanýarsyň.
Daýhan birleşiginde pagtaçy kärendeçileriň 823-si bolup, olar 18 sany topary düzýär. Kärendeçiler toparlarynyň ählisinde-de gowaçalar hatar gurap, toprakdan saýlanyp çykyp ugran dessine, olary hapa-haşal otlardan arassalamaga, ýekelemäge, hatarara bejergi işlerini geçirmäge daýhanlar ýokary guramaçylyk ýagdaýynda girişipdirler. Ideg işleriniň agronomçylyk görkezmeleri esasynda göwnejaý alnyp barylmagy gögeriş gazanylan ilkinji günlerden gowaçalaryň gyradeň oňat ösmegine ýardam etdi. Häzirki wagtda daýhanlaryň yhlas bilen çeken zähmeti ýerine düşüp, gün-günden bol hasyl toplaýan gowaçalar atyzlara görk berýär.

Автор записи: admin