Her bir güni şanly ösüşlere, belent sepgitlere beslenýän ata Watanymyzda toýlar toýa ulaşýar. Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna barylýan günlerde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän dabaralar halkymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterýär. Älem içre parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň binýadyny berkidýän Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat günsaýyn gözelleşýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň giňden bellenen bu ajaýyp ýylyndaTürkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Garagum» oteliniň açylyş dabarasy türkmen myhmansöýerliginiň ykrarnamasy boldy. Tutumly toýlaryň toýlanylýan ajaýyp ýylynda açylyp ulanylmaga berlen, desgalaryň 70-njisi bolan bu myhmanhana-işewürlik toplumy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Oteliň döwrebap keşbinde halkymyzyň altyn huma deňeýän Garagum sährasynyň tebigy suraty özüniň beýanyny tapýar. Ulgam-ulgam çäge depelerini ýatladyp, halkymyzyň myhmansöýerliginiň alamatyna öwrülen bu döwrebap otel Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşmek bilen, ýurdumyza gelýän myhmanlary gujak açyp garşylaýan ýaly duýgyny bagyşlaýar. Bu döwrebap işewürlik-myhmanhana toplumy ýedi gatdan ybarat bolup, 6,8 gektar meýdany eýeleýär. 8 sany işewürlik merkezini, 500 orunlyk toý mekanyny, 150 orunlyk restorany özünde jemleýän «Garagum» oteli öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilendir. Birbada 204 myhmany kabul etmäge mümkinçiligi bolan bu otelde jemi 87 sany otagyň her biriniň milli öwüşginlere beslenmegi ünsüňi özüne çekýär. Şeýle-de myhmanhananyň diwarlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Watanymyzdan hatar gurap geçip barýan kerweniň ajaýyp şekilleri döwrebap binagärligiň nusgalary bilen bir bitewi sazlaşygy döredýär. Kalby Garagum sährasy deýin giň halkymyzyň milli häsiýetleriniň, däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny açyp görkezýän myhmanhana bedew batly döwrümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Milli we dünýä tejribeleriniň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýän «Garagum» oteli myhmany güler ýüz bilen garşylaýan merdana halkymyzyň myhmansöýerlik däpleriniň bagtyýarlyk döwrüne kybap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Dana Pyragynyň «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen parasatly setirleriniň döwrümiziň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi ýurdumyzda döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.