MEKDEPLER ÝAŞ NESILLERE GARAŞÝAR

Häzirki döwürde Daşoguz welaýatynyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri ýokary depgin bilen dowam edýär. S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşligindäki 30-njy orta mekdep welaýatda göreldeli bilim ojaklarynyň hatarynda tanalýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mekdebimizi täze okuw ýylyna taýýarlamak üçin synp otaglarynda abatlaýyş işleri ilkinjileriň hatarynda guramaçylykly geçirildi. Şol işlere tejribeli mugallymlardan Muratjan Karimow, Bahadyr Hakimbaýew, Murat Kazakow hem-de tehniki işgärlerden Kamiljan Erkabaýew, Aýşa Islamowa, Muýassar Täjimuradowa dagy ýakyndan kömek berdiler. Mekdepde 527 okuwçy okaýar. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa 54 sany çaga mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätlär.

Автор записи: admin