Ata Nepesow 1923-nji ýylda Görogly etrabynyň häzirki Türkmenistan geňeşliginiň Alma atyşan obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Onuň ýaşlygy kynçylykly döwürlere gabat gelýär. Ol ýaş bolsa-da, özüniň deň-duşlaryndan düşbüligi, gaýratlylygy bilen tapawutlanypdyr.
Atanyň zähmet ýoly 1938-nji ýyldan, ýedinji synpy tamamlandan soň başlanýar. Ol şol döwürdäki Kirow kolhozynda hasapçynyň kömekçisi bolup işe başlaýar. Beýik Watançylyk urşy başlananda, Ata ýaňy 18 ýaşlaryndaky ýigit eken. Birnäçe gezek fronta gitmek baradaky iberen arzalarynyň netijesinde, 1942-nji ýylda birnäçe harby türgenleşik okuwlaryny geçenden soň, ony howpsuzlyk gullugynyň Suworow ordenli 1-nji diwiziýasynyň düzümine ugradýarlar. Şeýdip, Ata Nepesowyň söweş ýoly 1943-nji ýylda Leningrad frontundan başlanyp, ol Wolhow şäheriniň etegindäki, Pribaltika döwletlerini azat etmekdäki söweşlere gatnaşýar. Uruş döwründe dört gezek ýaralanyp, onuň bir gezeginde has agyr ýaradar bolýar. Onuň gaşynyň ýokarsyndaky ýara yzy hemişelik galýar. Ata Ýeňiş gününi gündogar Prussiýada garşylaýar. Geçen uruşda görkezen edermenlikleri üçin «Watançylyk urşy» ordeniniň I derejesi, «Gyzyl ýyldyz» ordeni, birnäçe medallar bilen sylaglanýar.
Ata aganyň üstünliklere beslenen ykbalyny iki döwre bölmek mümkin. Ýagny tas tutuş Ýewropany diýen ýaly agyr söweşler bilen ädimme-ädim geçilen ýyllar. Şeýle hem uruşdan soňky zähmet meýdanlarynda janypkeşlikli çeken zähmeti bilen uly at-abraýa, belent mertebelere ýetilen ýyllar. Ol 1946-njy ýylda goşunyň hataryndan sag-aman gaýdyp gelenden soň, etrap ýer gurluşyk komitetinde derňewçi, etrap partiýa komitetiniň instruktory wezipelerinde işleýär.
1955-nji ýylda etrap ýolbaşçylarynyň teklibi bilen, şol döwürlerdäki yzda galýan «Gyzyl baýdak», Ataýew adyndaky, «Pioner», «Komsomol», «Leningrad» kolhozlary birikdirilip, olaryň esasynda döredilen «Leningrad» kolhozyna Atany başlyk saýlaýarlar. Oba adamlary bu kiçi göwün, pespäl, işine erjel, talapkär adama tiz öwrenişýärler. Ata Nepesow işe başlan ilkinji günlerinden zähmet düzgün-nyzamyny berk ýola goýýar. Zähmet çekýän adamlaryň gadyryny bilýär. Iň esasysy hem, iliň märekesine deň goşulyp, özüni aldyrmagy başarýar. Ata başlyk bolup gelen wagty birikdirilen kolhozlaryň ykdysady ýagdaýlary gaty pes bolýar. Halkyň ýaşaýyş derejesi hem şonuň ýaly. Ol kolhozyň ekin meýdanlaryna aýlanyp, nämeden başlamalydygyny öz ýanyndan kesgitleýär. Bar bolan tehnikalary hasaba alyp, näsazlaryny abatlap, ýer tekizleýän toparyň işini ýola goýýar. Şeýdibem, ekin meýdanlary giňeldilip, düýpli tekizleme işleri geçirilip, gerekmejek ýap-çiller aýrylýar. Zeýkeşler doly arassalanybam, zeý suwlaryň kadaly akmagy ýola goýulýar.
Kolhoz başlygynyň bu aladalary ilkinji ýyllardan özüniň oňat netijelerini berip başlaýar. Hojalykda pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ep-esli gowulanýar. Önümçiligiň beýleki pudaklary, ýagny maldarçylyk, guşçulyk, ýüpekçilik düýpli ösüşleriň ýoluna düşýär.
Ata aganyň ýolbaşçylyk eden döwürleri bu hojalyk ykdysady taýdan has gurplanýar, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Netijede, obanyň ýollary, köçeleri abatlanýar. Maldarçylyk fermasy, medeniýet öýi, çagalar baglary, meýdan düşelgeleri gurulýar.
Ata Nepesow ussat pagtaçy, başarjaň ýolbaşçy hökmünde özüni ile tanadýar. Onuň döşündäki söweşjeň orden-medallaryň üstüni «Zähmet gyzyl baýdak» ordeni we birnäçe medallar ýetirýär.
Ata aga kolhoza ýolbaşçy bolup, bir egne 22 ýyl işleýär. Indi oba adamlary ýaşulyny ýagşylykda ýatlaýarlar. Şu makalany taýýarlap ýörkäk, şol döwürde Ata aga bilen işleşen, etrabyň oba hojalygyna köp ýyllap ýolbaşçylyk eden il sylagly ýaşuly, 85 ýaşly Gaýly Bäşow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol Ata aga bilen bagly köp wakalary ýatlady: «Ata aga topragyň abyna-tabyna gowy düşünýärdi. Ekiniň, malyň ýüzüne seredenden, onuň ýagdaýyny aňyp bilýän adamdy. Şonuň üçin hem onuň maslahatyna eýeren hiç haçan ýalňyşmazdy. Ata gaty irden işe çykardy. Iş wagty başlanmanka ekin meýdanlaryna aýlanyp, topar ýolbaşçylary bilen işiň üstünde duşuşardy, gara mallar fermasyndan habar alardy. Tabşyran işlerini ýekän-ýekän gözden geçirerdi. Edara jaýynda irki maslahat başlanmanka başlygyň özi kolhozyň umumy ýagdaýy bilen habarly bolardy. Diňe ol däl, eýsem, oba adamlarynyň maşgala ýagdaýlaryndan hem Ata aga hemişe habarlydy. Kime maslahat bermeli, kime ýardam etmeli, baryny bäş barmagy ýaly bilerdi. Ata aganyň gyzmarak häsiýetleri hem bardy. Ýöne ol göwnünde kine saklamazdy. Gatyrak gidenini bilse, derrew ýaraşmak bilen bolardy. Onuň şu günki edilmeli işi ertire goýan wagtyna duşmazdyk. Indi oýlanyp oturýan welin, Ata aga bilen işleşmegiň özi ullakan mekdep ekeni. Sebäbi onuň her bir hereketi, her bir sözi biziň üçin nusgalykdy».
Diňe Gaýly aga däl, onuň bilen işleşen adamlaryň köpüsi Ata agany diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Bir söz bilen aýdylanda, Ata aga oba adamlarynyň kalbynda baky ýaşaýar. Biz Ata aganyň weteranlar geňeşine ýolbaşçylyk edendigini belläpdik. Şol döwürlerde Ata aga bilen bileräk işleşmek bize-de nesip edipdi. Şonda Gaýly aganyň belleýşi ýaly, onuň gaty biynjalyk adamdygyna göz ýetiripdik. Ol weteranlaryň, urşuň yzynda galanlaryň ýagdaýlaryny birkemsiz bilýärdi. Kömek-goldawa mätäçlerini hasaba alyp, iş ýerine ýetýänçä özem dynmazdy, ýolbaşçylaram erkine goýmazdy.
Ata aga Gyzylgül gelneje bilen 12 çagany — 4 ogul, 8 gyzy ösdürip, kemala getirýär. Onuň ogul-gyzlary, agtyklary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza beren eşretleriniň hözirini görüp ýaşaýarlar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň şanly senesiniň bellenilýän günlerinde urşa gatnaşanlary, şol döwürde tylda zähmet çekenleri ýatlamak biziň üçin mukaddes borç bolup durýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, olaryň gahrymançylykly ömür ýoly biziň şu günki nesillerimiz üçin görelde mekdebidir.