Et we et önümleri adamzadyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir we hiç wagt özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Mallary gaýtadan işleýän kärhanalar, öz aralarynda öndürijiligi, konstruktiw aýratynlyklary, tehniki üpjünçilikleri bilen tapawutlanýarlar. Olara et kombinatlary, mal soýulýan nokatlar we guş kombinatlary girýär.
Ýokary tehniki enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki zaman mallary gaýtadan işleýän kärhananyň aýratynlygy – maldarçylyk önümleriniň hiç birini hem zaýa etmän, olardan iýmit, däri-dermanlar we tehniki maksatlar üçin çig mallary alyp bilýänliginden ybaratdyr. Şeýle kärhanalardan başga ýerlerde mal soýulsa, onda gymmat bahaly çig mallaryň bir näçe görnüşleri (gan, süňk) zaýa edilýär we uly ykdysady zyýan çekilýär.