Gyş paslynyň gelmegi, ygally, garly, sowuk howanyň bolmagy energiýa üpjünçiliginiň bökdençsiz, ygtybarly bolmagyny gazanmagy iň derwaýys meseleleriň birine öwürýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, ýurdumyzyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge hususy düzümleriň saldamly goşant goşýandyklaryny-da bellemek gerek.
«Ýüpekýolygurluşyk» hojalyk jemgyýeti hem şu ugurdan ýöriteleşýän topar. Bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleridir işçileriniň güýji bilen Daşoguz welaýatynda elektrik geçirijileriň onlarça kilometri gurlup, ulanylmaga berilýär. Mysal üçin, üstümizdäki ýylda jemgyýetiň işgärleri Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň Boýunbaş obasynda hereket edýän elektrik geçirijini abadanlaşdyrmak işlerini tamamladylar. Ruhubelent etrabynyň merkezinde hem olar Aşyk Aýdyň köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlara täze elektrik geçiriji ulgamlary çekdiler. Umumylykda alanyňda, bu ýerde 10 kilowoltlyk elektrik geçirijileriň üç ýüz metre golaýy, 0,4 kilowoltlyk geçirijileriň hem bir kilometre golaýy çekildi. Bu ýerde kuwwatlylygy 250 kilowolt-ampere barabar bolan transformator bekediniň toplumy oturdyldy. Elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bagly şeýle işler jemgyýetiň işgärleriniň tagallasy bilen Köneürgenç şäheriniň Jelaýer diýen ýerinde hem geçirildi, kuwwatlylygy 10 we 0,4 kilowoltlyk elektrik ulgamlary-da guruldy. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýetiniň zähmet topary Boldumsaz etrabynyň «Kerwen» bekedinden gaýdýan elektrik ulgamlarynyň 1,5 kilometre golaýyny abadanlaşdyryp, ulanmaga berdiler.
Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda şu ugurdan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şol sanda ýöriteleşdirilen hususy düzümleriň gatnaşmagynda hem sarp edijileri ygtybarly elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Energiýa üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagynda we kuwwatynyň artdyrylmagynda sebitde hereket edýän hem-de tebigy gaz bilen işleýän täze elektrik bekediniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny-da bellemek gerek.