Mähriban toprak

Has irki döwürlerde bar yhlasyny ýere berip, ykbalyny daýhançylyga baglan bir adam bolupdyr. Ol ene ýeriň eçilýän rysgal-berekedinden döwlet tapyp, güzeranyny oňat dolandyrýan ekeni. Arada ol keseki ýurduň leşgeri bilen bolan söweşde ýesir düşüp, alnyp gidilýär. Ol: «Boljak iş boldy, indi maňlaýdakyny görübermeli bolar» diýip, öz-özüne göwünlik beripdir. Barylmaly ýurduna baranlaryndan soňra hem ol daýhan beýleki ýesirler ýaly aglap-eňräp, özüni ýitirmändir. Gaýta: «Bu oba dagdan inýän çeşmäniň ugruna ýakyn ýerleşýän ekeni, birneme azabyndan gaçmasaň, oňat hasyl berjek ýerleri bar eken» diýip, şu ýerde hem daýhançylyk barada pikir edýärmiş. Ony ýesir alan adam ondan maşgala ýagdaýy barada soraşdyrypdyr. Soňam: «Men seniň ýurduňa, öýüňe adam ibersem, seni satyn alar ýaly pul berip goýbererlermi?» diýip sorapdyr. Daýhan öýünde artykmaç puluň ýokdugyny, aýalynyň dört sany ýaş çagasynyň agzyndan kesip, pul berip bilmejekdigini aýdypdyr. Onda hojaýyny: «Beýle bolsa, men seni bazara çykaryp, soralan bahaňa sataryn» diýipdir. Şonda daýhan: «Näme etseňiz, erk özüňizde, ýöne meniň size bir aýtjak zadym bar. Sizde tükeniksiz bir hazyna bar ekeni, ýöne onuň açary ýok eken. Mende bolsa şol hazynanyň açary bar. Isleseňiz, men şol hazynaňyzy açyp bereýin. Onuň öwezine siz meni azat ediň!» diýipdir. Hojaýyn onuň näme diýjek bolýanyna düşünmändir. Onsoň ol: «Siziň gaty oňat hasyl berip biljek ýeriňiz bar eken. Eger-de şol ýeriňizi maňa ekmäge berseňiz, men şol ýerden bol hasyl ýetişdirip, siziň aýdan puluňyzdan has köp girdeji alyp bererdim» diýipdir. Hojaýyn birbada onuň sözüne ynanmandyr. Soňam mugt hyzmatyny hödürläp duran adam bolansoň: «Belki, synap göreýin. Diýeni bolsa-ha peýdamyz, bolmaýanda haçan satanymda-da pulum» diýip, oňa rugsat beripdir. Ozaldan daýhançylyga werziş bolan adam, ilki bilen, uzak aralykdan salma çekipdir. Ençe ýyllap suw garasyny görmedik ýeri gaýta-gaýta suwaryp, mazaly gandyrypdyr. Soňra haýsy ýere nähili ekin ekmelidigini meýilleşdirip, ýeri bölüşdirip çykypdyr. Onuň ýadawsyz zähmetini gaýgyrman, ak ýürekden der döküp işleýşini synlap ýören hojaýyny: «Eger-de şunuň diýşi ýaly, bol hasyl alyp, girdejisi gowy bolsa, muny öz ýurduna goýbereýin» diýen netijä gelipdir. Daýhanyň yhlasyndan kanagatlanan ene ýer berekedini bolluk bilen eçilipdir. Ekerançylyk meýdanynda ekilen ekinlerden ýetişdirilen hasyly öý eýesi bazara ýerläp gutaryp bilmändir. Bazarda satyp, pula öwreninden, özlerine azyklyk üçin jemläp goýanlaryndan başga-da, goňşy-golamlara paýlanany hem ep-esli bolupdyr. Şeýle yhlas edip, bol hasyl ýetişdirip beren daýhany elden gideresi gelmese-de, hojaýyn sözünde tapylmaly bolupdyr. Ol daýhany öz iline ugradypdyr. Hoşlaşjak wagtlary daýhan: «Men size hiç wagt tükenmeýän hazynanyň gözüni açyp berdim. Siz şol hazynany — ene ýeri hiç wagt harlamaň! Siz ýeri har etmeseňiz, ýer hem sizi hor etmez. Adam öz bagtyny diňe ene ýerden, halal zähmetden gözlemelidir» diýipdir. Ony halas eden hojaýyn hem galan ömrüne rysgalyny ýere hyzmat edip gazanjakdygyny aýdypdyr. Bular edil ýakyn garyndaşlar ýaly hoşlaşypdyrlar. Öz ýurdundan, maşgalasyndan ýyl ýarymdan gowrak wagt aýra düşen daýhan mähriban topragyna gadam basanyndan, ilki bilen, öz daýhançylyk edýän atyzlarynyň gyrasyna barypdyr, ol ýerden bir gysym toprak alyp: «Mähriban ene topragym, saňa bolan yhlasym meniň ýene-de öz ojagyma, seniň gujagyňa dolanyp gelmegime sebäp boldy» diýip, elindäki bir gysym topragy maňlaýyna sylypdyr.

Автор записи: admin