Magtymgulynyň şygyrlaryndadöwletlilik ýörelgeleri

Halkyň arasynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyňşygyrlarynyň «Jemşidiň jamyna» deňelmegi ýöne ýerden däl. Olarda pederlerimiziň ençeme asyrlyk arzuw-hyýaly, milli ýörelgeleri, durmuş gymmatlyklary örboýuna galýar.
Agzybirlik, jebislik, dost-doganlyk, döwletlilik, bir bitewi il bolmak baradaky düşünjeler dana şahyrymyzyň döredijiliginiň esasy süňňüni emele getirýär. Şahyryň dürli mowzuklary gozgaýan goşgularynda öňe sürülýän pikirler hem şu mukaddes düşünjeler bilen ugurdaş beýan edilýär.
Bir döwlete gulluk etmek hakyndaky halkymyzyň telim asyrlyk arzuw-umydyny goşgy setirlerinde beýan eden şahyryň köňül islegi «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerinde äşgär görünýär. Bu barada Prezidenti «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Hawa, biz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, şygra salan we «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk» diýip, nygtap geçýär.
Pederlerimiziň dünýäniň parahatçylygy, il-günüň abadançylygy hakyndaky ýagşy niýetleri bu günki gün berkarar döwletimizde wysal tapýar. Biz muny bagtyýarlyga beslenýän günleriň her bir pursadynda aýdyň duýýarys. Bu günki gün Pyragynyň arzuw edişi ýaly, Hydyr gören keremli topragymyzda bagtyýar ilimiz erkana durmuşyň hözirini görýär, agzybirlige, jebislige gol beren halkymyzyň halal zähmetiniň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeginiň läle-reýhanlyga, bagy-bossanlyga bürenýändigine göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan ösüşlerden, ýetilen belent sepgitlerden, berkarar döwletimiziň barha belende galýan abraý-mertebesinden bagtyýar raýatlarymyzyň köňülleriniň, ýürekleriniň bir maksada gulluk edýändigi äşgär görünýär.
Halkymyzyň öňdengörüji şahyrynyň dürdäne şygyr setirlerinde «Ilimiz ulaşsa sowulmaz ýaza» diýlip beýan edilişi ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň ykbaly çüwüp, alnyndan ak Gün dogdy.

Автор записи: admin