Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynda özboluşly şahyrana dünýä döredip bilen beýik şahyrdyr. Onuň goşgulary türkmen edebiýatynyň bagy-bossanlygynda baky solmaýan ter güllere meňzäp, göwünlere gözellik, terlik bagyşlaýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň gadyr-gymmaty ähli döwürlerde-de öz ähmiýetini ýitirenok.
«…Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýen şahyr türkmen halkynyň şunuň ýaly bagtly eýýamyny, mizemez döwletli-döwranly döwrüni göz öňünde tutandyr.
Magtymguly atamyz ýagty jahanda ýaşaýan her bir adamyň manyly ömür sürmegini isläpdir. Özüniň hiç wagt şöhlesi öçmejek ýagşy umytlaryny şygyr setirlerine siňdiripdir.
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mesgeni bolan gözel Diýarda halkymyz şahyryň:
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
— diýip arzuwlan suprasynda eda bolan aşyndan datdy, onuň lezzetinden gandy.
Magtyguly Pyragynyň eserleri özboluşlylygy, täsirliligi, umumadamzat duýgularyna baýlygy bilen diňe bir halkymyzyň arasynda däl, eýsem, bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow: «Ykbal hut türkmen topragynda türkmen edebiýatynyň ägirdiniň döräp, tutuş Orta Aziýa meşhur bolmagyny emr edipdir. Bu ägirdiň, bu zehiniň şuglasy bize-de — goňşy doganlyk halklara-da düşýär» diýip nygtamagy hem ýöne ýere däldir.
Akademik, gündogarşynas W.W.Bartold: «Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly beýik şahyry bolan halk diňe türkmenlerdir» diýip belleýär.
Magtymguly atamyzyň çuňňur many-mazmunly goşgulary köp asyrlardan bäri türki halklaryň ählisiniň hakydasynda ebedi orun alandyr. Halkymyz ony öz nusgawy edebiýatymyzy esaslandyryjy hem-de akyldar, keramatly şahsyýet hasaplaýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly biçak giň, çuňňur, göwher daşy ýaly köpöwüşginli. Ata-babalarymyzyň: «Magtymguly geçeni-geljegi, bolany-boljagy bilen adamdyr» diýip baha bermegi hem onuň beýik şahsyýetdiginden habar berýär.
Magtymguly atamyzyň şygryýet dünýäsi durmuş ensiklopediýasydyr. Onuň şygyrlarynda jemgyýetiň ruhy aňy öz beýanyny tapýar. Şahyryň asyrlar aşyp, bize ýetip gelen ajaýyp şygyrlary umumadamzat bähbitli şahyrana pikirleriň giden bir älemini ýada salýanlygyndan başga-da, çuňňur milliligi bilen tapawutlanýar.
Çeper sözüň ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde söze goýulýan belent sarpa, onuň ulanylyşynyň näderejede bolmalydygynyň nazaryýeti şeýle esaslandyrylýar:
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilenlere nyrhy köp…
Türkmen halkynyň mertebe, ar-namys, adamkärçilik ölçegleri beýik Pyragynyň şygryýetiniň özenini emele getirýär. Dana şahyr ata-babalarymyzyň durmuş mekdebine öwrülen gylyk-häsiýetleriň belli bahasynyň ýokdugyny, göreldäni diňe gowulardan alyp, ýamanlardan daşda durmalydygyny nygtaýar.
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti, ajaýyp zamanasy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hasyl bolup, ol gün-günden ösýär, özgerýär. Bagtyýar halkymyzyň bu beýik bagty agzybirlik, jebislik, parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik, erkinlik ýörelgelerinden hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyndan gözbaş alýar. Şahyr «Türkmeniň» goşgusynda eziz Diýarymyzyň, Garaşsyz Watanymyzyň bitewi edebi keşbini çeper, dürdäne sözler bilen ýüreklere baky nagyşlapdyr.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary durmuşy ähli taraplaýyn öz içine alýar. Onuň döredijiliginde XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmek üçin köp maglumatlar bar. Ol öz döwründe ýüze çykan her bir waka, syýasy-ykdysady meselelere goşgy setirleri arkaly ussatlarça seslenmegi başarypdyr. Şahyr öz döredijiligini halk durmuşy, halk ykbaly bilen kemsiz baglanyşdyrypdyr, halk döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr.
Magtymguly Pyragynyň ýaýrawy giň şygryýet dünýäsiniň içinden watançylyk, agzybirlik baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Ol Watansyz, il-günsüz ýaşaýşy bimany durmuş hasaplapdyr. Watany söýmegi, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamagy her bir türkmeniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Watana, il-gününe bolan söýgüsi onuň goşgy setirlerinde belent owaz bilen halkyň ýürek aýdymy bolup ýaňlanýar:
Eşit, adam, dogan ilden,
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.
Ýa-da:
Messana ýörinçäň gaýry ýurtlarda,
Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma.
Magtymguly Pyragy dost-doganlyk, agzybirlik, birleşmek baradaky pikirleri öňe sürmek bilen, agzalalygy, özara oňşuksyzlygy berk ýazgarypdyr:
Agzy ala bolan iliň
Döwleti gaçan ýalydyr.
Şahyr milli egin-eşikli, toý lybasly gözelleri peri-peýkerlere deňäpdir:
Al-ýaşyl geýinip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy –
— diýmek bilen, beýik Pyragy öz iliniň gözellerini täze açylan, çar ýana anbar ysyny saçýan läle-reýhan güllere meňzedipdir. Gyz-gelinleriň owadanlygyny tawusa, emaý bilen messan basyp ýöreýşini käkilige, ykjamlygyny elguşa meňzedip, wasp edipdir:
Eý, jady jeren gözli,
Eý, şähdi-şeker sözli,
Eý, şemsi-Kamar ýüzli,
Tabana gözüm düşdi.
Söýgi temasy Magtymguly atamyzyň döredijiliginde uly orny eýeleýär. Beýik şahyr söýgini bütin dünýä ýaşaýşyna degişli edýär we ony gorap saklamagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şahyryň: «Bir ah ursam, älem ýanar oduma» diýen setirlerini okanyňda, söýgini şundan zyýada beýan etmek, suratlandyrmak mümkin däl bolsa gerek diýip, pikir edýärsiň. Ol bary-ýogy iki setirde akylyňy haýran edýän ussatlyk bilen dessanlardyr poemalarda beýan edilýän yşk-söýgi heserini beýik kämillige çykardy:
Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada,
Kyrk ýyl kuwwatym bardyr ders aýdara Perhada.
Şahyryň sözi onuň ruhunyň näderejede güýçlüdigini alamatlandyrýar.
Akyldaryň şahyrana mirasy sazandalardyr ýazyjy-şahyrlary döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy. Şahyryň köptaraply we şahyrana eserleri doganlyk halklarda hem uly gyzyklanma döretdi. Diňe bir türkmen halky däl, eýsem, özbek, gazak, gyrgyz, garagalpak we beýleki halklaryň bagşylary hem şahyryň goşgularyna aýdymlary ýerine ýetirýärler. Bu barada Magtymguly atamyzyň özi hem «Magtymguly, sözlerim saza goşsaň, uz bolar» diýip aýdyp geçipdir.
Hormatly Prezidentimiz: «Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy beýik Ýaradana, Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy» diýip belleýär. Muny beýik akyldaryň ençeme goşgulary bilen bir hatarda «Turgul diýdiler» atly goşgusynda aýdyň tassyklaýar. Ýagny keramatly ärleriň we pirleriň pata berenden soňky ýagdaýlaryny Magtymguly atamyz şeýle beýan edýär:
Ýel boldum, ýüwürdim ýeriň damaryna,
Nazarym tokundy Arşyň kemerine,
«Jebrut» äleminde Jelil syryna –
Gelip, özüň garap görgül diýdiler.
Edebiýatçy alym M.Annamuhamedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» kitabynda belleýşi ýaly, ýokarda beýan edilen ahwalatyň üsti bilen Magtymguly Pyraga halatlylyk — dünýä syryna akyl ýetiriş zehini berilýär. Şol ylahy zehiniň gudraty bilen tutuş bir halkyň kalbyny, ruhy dünýäsini şygra salmagy başaran beýik akyldar indi ençeme asyr bäri dünýä halklarynyň ruhy dünýäsini ýagtyldyp gelýär. Magtymguly atamyzyň şöhratly pederlerimiziň milli dünýägaraýşyny, ahlak ýörelgelerini dünýä ýüzüne wagyz etmekde hyzmaty örän uludyr.
Adamzat kalbynyň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň goşgularynyň mazmuny wagtyň geçmegi bilen täze-täze many öwüşginlerine eýe bolýar. Şahyryň ajaýyp goşgulary adamlaryň kalbynda giňden orun alyp, adamkärçiligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, parahatçylygyň waspy bolup, watansöýüjilik duýgularynyň, edep-terbiýäniň belent nusgasy bolup ýaňlanýar we ýaşaýar.