Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby taryhy ýadygärliklere we täsin ýerlere baý etraplaryň biri hasaplanylýar. Etrabynyň çäginde ýerleşýän, ünsi özüne çekýän täsin ýerleriň biri hem Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň “Gyzylgum” obasynyň ilersinde, obany etekläp oturan gumuň başlanýan ýerinde, aňňat-aňňat çäge depeleriniň arasynda durnaň gözi ýaly dury suwly kiçijik köl bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Bu köle hiç bir ýerden suw gelip girmeýär. Ýöne şonda-da kölüň suwy azalman ýa-da köpelmän hemişelik şol bir durkuny saklaýar. Ýerli ilat bu köli “Kyrk gyz” diýip atlandyrýarlar.
Bu kölüň döreýşi barada halk arasynda şeýle rowaýat bar. Irki döwürlerde şol ýerde gür ilatly bir gala bar eken. Gaýry ýerlerden gelen duşmanyň sansyz leşgeri obanyň daşyny gabaýar.Şonda adamlar: “Özümiz şehit ölsek-de, obanyň namysy depelenmesin” diýip, kyrk sany boýy ýeten gyzy galanyň ýerasty çykalgasyndan çykaryp, gum tarapa goýberipdirler.Muny duşman aňýar-da olaryň yzyndan kowgy gidýär. Şonda gyzlar: “Duşmana ýesir düşüp, namysa galanymyzdan, bizi ýer ýuwutsyn” diýip, Allatagala nalyş edýärler. Olaryň dilegi kabul bolup, kyrkysyny hem ýer ýuwudýar. Kyrk gyzyň gözýaşyndan şol ýerde köl döreýär. Onuň suwunyň azalman , köpelmän durmagynyň sebäbi şol gyzlaryň keramatyndanmyş. Adamlar şol köli mukaddes hasaplaýarlar.