KÖŇÜLLERDE GUWANÇ, DILLERDE DESSAN

Biz öz gündelik işlerimizde, çagalar bilen alyp barýan köp görnüşli terbiýeçilik we öwredijilik häsiýetli çärelerimizde döwrümiziň wajyp wezipelerinden ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň köňüllere guwanç, dillere dessan bolan eserlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris.
Çagalarda ata Watana, ene topraga söýgini, tebigata hem onuň çäksiz eşretlerine we gözelligine bolan mähribanlygy kemala getirmekde we ösdürmekde şahyryň köňüllere nagyş bolan goşgularynyň täsiri has uly. Beýik akyldaryň:
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň —
diýen ýaly ajaýyp setirleri okanlarda, diňlänlerde uly täsir galdyrýar. Şahyryň sözüň gudraty bilen çekýän şekilleri gülüstan, bagy-bossan ýurdumyzyň häzirki tebigy keşbi bilen utgaşyp gidýär.
Gündelik guralýan okuw-terbiýeçilik işlerinde akyldar şahyryň «Içinde» atly eseri körpeleriň bilesigeliji dünýäsine has golaýdyr. Möçberi taýdan kiçi bolmadyk bu eser çagalaryň dil-sözleýiş baýlygyny ösdürmäge, tebigata, onuň guşlar we haýwanat dünýäsine bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmäge oňaýly täsir edýär. Meselem:
Durna aýdar: uçar men,
Bagdat suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men,
Läle-reýhan içinde —
diýen akgynly setirler, ozaly bilen, çagalaryň çalt ýadynda galýar. Suratly albomlaryň, ýörite ertekiler dünýäsine bagyşlanan okuw otagynyň içinden okuwçylar uzyn boýun, başy jygaly durnanyň owadan suratyny ýalňyşman tapýarlar.
Goşgynyň:
At aýdar: aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir,
Dag-düz, meýdan içinde —
diýen bendi bilen baglanyşykly alşylýan sowal-jogaplar olaryň ruhy dünýäsini has hem baýlaşdyryp, gözýetimlerini öňküden-de giňeldýär.

Автор записи: admin