KESELDEN GORANMAGYŇ DÜZGÜNLERI

ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edilýär. Döwlet derejesinde keselleriň öňüni alyş işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, bu işe döwlet serişdeleri gönükdirilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howanyň düzüminiň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsiri peseltmek, onuň adam bedenine ýetirýän zyýanly täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdeleri, ýagny agyz-burun örtükleri hökman ulanylmalydyr.
Jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz 2 metr aralygy saklamaly, elleri ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Pasla görä geýinmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, kadaly iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertirki güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjyda saklamaly.
Ertirlik naharyndan öň bir bulgur arassa suw içmek we arassa howadan dem almak saglyk üçin peýdalydyr. Pyýada ýöremegi endik edinmek gündelik beden üçin zerur bolan fiziki işjeňligiň gazanylmagyna ýardam berer. Günüň dowamynda bäş-alty sany ter miwe we gök önümleri iýmek peýdalydyr. Şonuň ýaly-da, bedene agram salmazdan, günüň dowamynda 1,5 — 2 litre golaý arassa agyz suwuny içmek içki bedeniň agzalarynyň sazlaşykly işini üpjün edýär. Möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak we bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak üçin milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda melhemlik häsiýetleri giňişleýin beýan edilen narpyz, çopantelpek, ýandagyň güli, käkilik oty, boýbodran, buýan ýaly ösümliklerden taýýarlanan çaýlary içmek peýdaly. Bu melhem çaýlar bedenden erkin radikallary çykarýar we immuniteti berkidýär.
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Öý bikeleri öýüň arassaçylygyna üns berip, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly, zyýansyzlandyryjy serişdelerden ýerlikli peýdalanmaly. Penjireleri açyp, otagyň içini ýelejiretmeli, ýorgan-düşekleri arassa saklamaly. Nahar taýýarlamazdan, ony saçaga äbermezden öň, şeýle hem daşardan gelnenden soň, elmydama elleri ýuwmagy endik etmeli. Elleri arassa suwda sabyn bilen howlukman ýuwmak maslahat berilýär. Sabyn ulanmazdan ýuwlan eller bilen iýmitlenmek ýüzlerçe kesel dörediji wiruslaryň we bakteriýalaryň, kömelejikleriň we soguljanlaryň ýumurtgalarynyň bedene düşmegine sebäp bolýar. Üst-başyňy, egin-eşigiňi arassa saklamaly. Elleşip, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly.

Автор записи: admin