KEÇE WE ONUŇ GÖRNÜŞLERI

«Halkymyz maldarçylyk önümlerini, esasan hem, derini we ýüňi gaýtadan işlemegi sungat derejesine ýetiripdir» diýilse, artdyryp aýdyldygy bolmaz. Aýratyn-da, ýüňi gaýtadan işläp, önüm öndürmekdäki halk tejribesi has üns bererlikdir. Olaryň içinde keçe we keçe önümleri saldamly orny tutýar. Olar örän köp görnüşli bolup, ulanylýan maksadyna görä dürlüçe atlandyrylypdyr.
Düýpkeçe — ak öýleriň törüne düşemek üçin, ýörite ölçegde edilýän keçe.
Ojakbaşy — ak öýleriň ortasyndaky ojaklaryň üç tarapyna aýlanyp duran keçe.
Atkeçe — atyň boýny bilen üstüni örtüp durar ýaly, ýörite ölçegde edilen keçe.
Namazlyk — sežde edilýän tarapy aýlaw şekilinde edilen, üstünde namaz okamaga niýetlenen keçe.
Ak keçe — süwmen tikmäge, olduryk kesmäge niýetlenen, jowur ak ýüňden edilen gülsüz keçe.
Oýluk — mal üstünde gezilende sowukdan, ýagyşdan goranmak üçin, egne atynmaga niýetlenen keçe.
Ýalňy — ak öýleriň serpigini, üzügini, durlugyny tikmek üçin ýörite edilýän gülsüz keçe.
Düşekçe — üstünde bir adam ýerleşer ýaly, myhmana ýazmaga niýetlenip edilýän keçe.
Sallançak keçe — sallançagyň içine düşemäge niýetlenen iki tarapy gülli, bezegli keçe.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.