Owadan güle seredip, onuň bark urýan ysyndan doýup bolmaýşy ýaly, Türkmen zenanlarymyzyň ýürek söýgisi, mähri bilen dörän Türkmen hallaryny synlanyňda-da şeýle ajaýyp pursatlary başdan geçirýärsiň. Çünki çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärmenden dörän nepis haly we haly önümleri dünýäni haýrana goýýar. Türkmen zenanlarynyň tebigy zehininden, janypkeşliginden we yhlasyndan dörän Türkmen halysy Ginnesiň bütin dünýä rekordlar kitabynda girizildi.
Bu barada hormatly prezidentimiz «Janly rowaýat» atly kitabynda Türkmen halkynyň genji hazynasyna öwrülen türkmen halysynyň taryhy, onuň dokalyşy ajaýyp türkmen gölleri barada täsirli gürrüňleri belläp geçýär. Mundan başga-da hormatly Prezidentimiz gelin-gyzlarymyza bagyşlanan «Arşyň nepisligi» atly kitabyny türkmen halkyna sowgat edipdi. Ol kitapda Milli liderimiziň halyçylyk sungaty hakyndaky ajaýyp oý-pikirleri, halyçylyga degişli bolan gymmatly maglumatlar barada beýan edilýär. Türkmen hallylary biziň milli baýlygymyzdyr. Halkymyzyň agzybirligi hem-de abadançylygyny alamatlandyrýan haly gölleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baýdagynda we Tugrasynda şekillendirmegi bu gymmatlyga uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň şaýadydyr. Häzirki döwürde milli amaly haşam sungatymyzy mundan beýläkde ösdürmek, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şol işlerin çäklerinde tutuş ýurdymyz boýunça çeper halyçylar üçin täze kärhanalar gurulyp ulanmaga berildi. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesi ýurdumyz boýunça bellenip geçirilýän türkmen halysynyň baýramynda Hormatly Prezidentimiziň permany bilen çeper elli gelin-gyzlarymyzyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy » diýen hormatly atlar dakylýar.