Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, özboluşly gözellik dünýäsi bar. Onuň daglary-baglary, deňiz-derýalary täsinden-täsin, gaýtalanmajak görnüşleri bilen haýran galdyrýar. Halkymyza peşgeş berlen bu baýlyklar uzak ýyllaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, aýawly saklanylyp gelinýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň şeýle bibaha tebigatyny goramak, ony geljek nesillerimize has tämiz görnüşde ýetirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda soňky döwürde kabul edilen maksatnamalar, karardyr kanunlar ata Watanymyzyň ähli künjekleriniň gözelliginiň artdyrylmagyna hyzmat edýär.
Elbetde, bu ugurda ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynyň işgärleriniň amala aşyrýan çäreleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olaryň her birinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen aladalar giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňat netijeler hem gazanylýar. Şeýlelikde, şol ýerleriň çeşme-çaýlary, ösümlik we haýwanat dünýäsi, guşlary tebigy gözelligiň deňsiz-taýsyz nusgasyna öwrülýär.
Ýurdumyzyň şeýle goraghanalarynyň biri bolan Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäkleri hem ösümlik, haýwanat, guşlar dünýäsine örän baýdygy bilen tapawutlanýar. Amyderýanyň orta akymynyň hem-de onuň bilen ugurdaş çöl zolagynyň ekologiýasyny dikeltmek, tebigatyny has baýlaşdyrmak maksady bilen 1982-nji ýylda döredilen bu goraghana şu döwrüň dowamynda bellenilen ugur boýunça uly ýoly geçdi.
Belli bolşy ýaly, bu goraghana Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar çäklerinde ýerleşmek bilen, 48,3 müň gektar meýdany öz içine alýar. Mundan başga-da, jemi 103 müň gektar meýdany tutýan, Halaç hem-de Kerki etraplarynyň çäklerindäki Kelif çäkli goraghanasy hem onuň hasabyna girýär. Bu çäkli goraghanadaky işler welaýatyň günorta etraplaryndaky suw-batgalyklarda gyşlaýan guşlary, Kelif kölleriniň tebigy aýratynlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilendir.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlaryna Amyderýanyň suwüsti bölegi, boýundaky tokaýlar, Gyzylgum çölüniň bir bölegi hem degişli bolup durýar. Goraghananyň çäklerinde häzirki wagtda ösümlikleriň 230-a golaý görnüşi duş gelýär. Olaryň hatarynda toraňňy, igde, ýylgyn, günorta gamşy, adaty şorçaýyr we beýlekiler bar. Gyzylgum çölüne degişli ýerlerde gurakçylyga, yssa çydamly, şonuň bilen birlikde diňe şu töwereklere mahsus bolan ösümlikler ösýär.
Sebitiň haýwanat dünýäsi özboluşly görnüşlere baýdyr. Bu ýerde süýdemdirijileriň 44 görnüşi ýaşaýar. Olaryň 18-si gemrijilere, 13-si ýyrtyjylara, 3-si toýnaklylara, 1-si towşanşekillilere degişlidir. Bu ýerde ýaşaýan çypar agşamçy ýarganat, garagulak, gunduz ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Şonuň ýaly-da ýekegapan, tokaý suguny, çöl keýigi halkara Gyzyl kitabynyň hasabynda durýar.
Amyderýanyň goraghananyň çäklerinden geçýän böleginde, akabalarda, zeýkeşlerde, köne hanalarda balyklaryň 36 görnüşi anyklanyldy. Olardan uly we kiçi amyderýa pilburunlary, çortan şekilli akmarka Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda bellige alnandyr. Goraghananyň meýdanlarynda süýrenijileriň 28 görnüşi bolup, olara Merkezi Aziýa pyşdyly, göklors we beýlekiler degişlidir.