Azyk önümlerinden adamlaryň zäherlenýän ýagdaýlary seýrek hem bolsa duş gelýän hadysadyr. Miwe we bakja önümleri ýetişende, olaryň hakyky görnüşini, tagamyny ýitirmän, köpräk saklamak üçin gaplaýarlar. Ýöne arassaçylygyň kadalary, önümiň gaplanyş usullary dogry berjaý edilmese, örän agyr botulizm zäherlenmesine getirýär. Çünki bu keseli emele getirijiler howasyz ýerlerde köpelmäge ukyply.
Botulizm — bu agyr toksiki ýokanç keseldir. Kesel özüni emele getirijiler ýa-da zaýalanan önümleri iýmek arkaly döreýär. Onuň esasy alamatlarynyň biri — merkezi nerw ulgamynyň işini bozýandygy.
Tebigatda bu derdi ýüze çykaryjylar örän köp duşýar. Olar topragyň, dersiň düzüminde, suwda, gök önümlerde, miwelerde, balyklarda, haýwanlarda gabatlaşýar. Köp ýagdaýlarda botulizm zäherlenmesi öý şertlerinde gök önümler, miweler, kömelekler düzgüne laýyk gaplanmasa ýüze çykýar.
Gök önümler, miweler, kömelekler uzak saklamak maksady bilen gaplananda, olar gowy ýuwulmasa, topragyň galyndylary bilen botulizm taýajyklary we onuň toksinleri önümiň düzüminde galyp, agzy ýapyk howasyz çüýşelerde örän çalt köpelip, güýçli zähere öwrülýär.
Botulizm örän agyr geçip, ýarawsyzlyk duýdansyz başlanýar. Keseliň geçiş döwri iki sagatdan on güne çenli, zäheriň mukdaryna laýyklykda geçýär. Hassa özüni ýarawsyz duýup, kellagyry, baş aýlanma, agzyň guramagy, ýadawlyk, gözüň görşüniň peselmegi ýaly ýagdaýlara sezewar bolýar. Soňlugy bilen ýagdaýy erbetleşip, hassa gözüniň gabagyny galdyrmakda, gürlemekde, ýuwdunmakda kynçylyk çekýär. Şonuň üçin dert näçe tiz anyklanylsa, bejerişiň dogry ulanylmagyna şonça kömek edýär.
Botulizm keseliniň öňüni almak üçin diňe täze önümleri ulanyp, gaplamazdan ozal gowy ýuwmaly. Hyýar, şetdaly, armyt, injir, erik ýaly miweler taýýarlananda limon turşusyny goşmaly. Konserwirlenen gök önümleriň, miweleriň gapagy çişen bolsa, olary hökmany suratda dökmeli.