I AÇYK HALKARA INTERNET BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýokary tizlikli internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, uzak aralyk sanly ulgam arkaly Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi.
Dünýäniň 12 sany döwletinden 18 sany ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýurdumyzyň 10 sany inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen açyk halkara internet bäsleşiginiň esasy maksady, talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek, şeýle-de nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmeklerini gazanmakdan ybarat boldy.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.