Hünär kämilligi ugrunda

Amala aşyrylýan oňyn bilim özgertmeleri ata Watanymyzyň öňe tarap okgunly ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan täze belentliklere göterilmegine badalga berýär. Ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, asylly milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiziň esasynda halal, päk ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer ynsanlar edip terbiýelemekde ýurdumyzyň mugallymlary möhüm bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Bilimiň we terbiýäniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk bolmagy üçin bolsa her bir mugallymyň bilim derejesini yzygiderli kämilleşdirmegi, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmegi zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, ýakynda Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde «Welaýatymyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde türkmen dili we edebiýaty okuw dersiniň okadylyşy, usuly işleriň ýola goýluşy» diýen tema boýunça türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň hepdelik usuly-amaly okuwy geçirildi.
weHünär kämilleşdiriş okuwynda welaýatyň dürli etrapdyr şäherlerinden gelen mugallymlar özara pikir alyşdylar, birek-biregiň iş tejribelerini öwrendiler. Okuwyň guralyşy we geçirilişi oňa gatnaşan mugallymlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Автор записи: admin