Golaýda Watanymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi. Şeýle dabaralaryň biri «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginde giňden ýaýbaňlandyryldy. Boýdan-başa şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen bu çärä nebitgaz we geologiýa pudagynyň zähmetsöýer işgärleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň wekilleri hem-de welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler nebitgaz ulgamynda gazanylan üstünlikler, pudagy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzy ösdürmek ugrunda öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Diýarymyzyň dünýäde eýeleýän ornunyň has-da ýokarlanmagynda nebitgaz pudagynyň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn belläp geçdiler.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti bu ýere ýygnananlaryň baýramçylyk ruhuny has-da galkyndyrdy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda welaýatyň dürli künjeginde zähmet çekýän nebitgaz we geologiýa pudagynyň öňdebaryjy işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.