Hünär bäsleşigi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hünär öwredilişini kämilleşdirmek, hünär taýýarlygynyň hilini, döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak, geljekki kärine söýgi döretmek, häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş alyp çykmaklaryny gazanmak maksady bilen Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde talyplar «Tikinçi-biçimçi», «Elektromontaž», «Aragatnaşygyň operatory» ugurlary boýunça «Hünär ussady» adyny almakda bäsleşdiler.
Tikinçi-biçimçi hünäri boýunça bäsleşýän talyp gyzlar ölçegiň alnyşy, aýal köýneginiň ýeňiniň oturdylyşy, jübiniň tikilişi ýaly şertler boýunça bäsleşip, öz hünär başarnyklaryny görkezdiler. Eminler topary bu hünär bäsleşiginde ölçegiň dogry alnyşyna, onuň yzygiderliligine, ýeňiň tekiz oturdylyşyna hem-de tehniki howpsuzlygyň berjaý edilişine, iş ýeriniň arassaçylygyna, gyzlaryň ýörite geýimleriniň ýerbe-ýerligine baha berdiler.
Elektromontaž hünäri boýunça bäsleşýän talyp oglanlar bolsa bir fazaly elektron hasaplaýjyny ýüke birikdirmek, üç fazaly elektron hasaplaýjyny ýüke birikdirmek, sütüne çykyp, elektrik abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly üç şert boýunça hünär ussatlygyny görkezdiler. Bu bäsleşikde talyplar elektromontaž işleri üçin geçirijileri dogry kesgitlemekde we birikdirmekde işleriň dogry ýerine ýetirilişine görä bahalandyryldy.
Aragatnaşyk operatory hünäri boýunça geçirilen hünär bäsleşigine bäş sany talypdan düzülen «Älem» we «Altyn asyr» diýen 2 topar gatnaşdy. Toparlaryň agzalary, ilki bilen, özlerini tanyşdyrmak boýunça bäsleşdiler. Onuň yzy has-da gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, olar sorag-jogap alyşmak, erkin temadan gürrüň bermek, krossword çözmek, öz hünärine degişli köp söz tapmak, her toparyň atlaryna mynasyp nyşanlaryň taýýarlanyşy, «Dişine çenli akylly talyp» diýen şertler boýunça ýaryşdylar. Eminler tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylaryň her bir şerti dogry ýerine ýetirişine, öz saýlap alan hünärlerini näderejede bilýändiklerine aýratyn üns berlip, ýeňiji yglan edildi.
Eminleriň gelen netijelerine görä, tikinçi-biçimçi hünäri boýunça mekdebiň 1-nji ýyl talyby Dinara Karimowa, elektromontaž hünäri boýunça bolsa Sähetmyrat Gökiýew, aragatnaşyk operatory hünäri boýunça «Altyn asyr» toparynyň agzasy Kümüş Täçnazarowa dagy ýeňiji diýlip yglan edildiler.

Автор записи: admin