HEREKETLI OÝUNLARYŇ ÄHMIÝETI

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy kabul edildi.
Maksatnama laýyklykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli bilim edaralarynyň işine uly ähmiýet berlip, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi ornaşdyrylýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly çagalary terbiýelemekde bedenterbiýe sapagynyň ähmiýeti has-da uludyr. Şoňa görä-de, ruhy we fiziki taýdan sazlaşykly ösýän nesli kemala getirmekden ugur alnyp, çagalar baglarynda çagalar bilen beden taplaýjy, sapaklaryň aralygynda dynç beriji maşklar, hereketli oýunlar talabalaýyk geçirilýär. Bu maşklar çagalaryň saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, olaryň işjeňligini artdyrýar, ünslüligini, ýatkeşligini güýçlendirmäge ýardam berýär.
Bedenterbiýe sapagynda dürli kömekçi enjamlardan peýdalanylýar. Şeýle hem saza goşulyp ýerine ýetirilýän bedenterbiýe maşklary çagalarda uly höwes döredýär. Dürli hereketli oýunlar çaga bedeniniň kadaly ösüşine oňyn täsir edýär. Çagalarda sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmekde milli oýunlaryň ähmiýeti hem uludyr. Olar çagalarda ylgamak, bökmek endiklerini ösdürip, beden agzalarynyň kadaly ösmegine täsir edýär. Şeýle hem hereketli oýunlar çagalaryň çalasynlygyna, işjeňligine, çalt we dogry netije çykarmakda ukybynyň kemala gelmegine ýardam berýär.

Автор записи: admin