Adamyň fiziki işjeňligi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Onuň esasyny beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek we sport bilen meşgullanmak düzýär. Hereket bedeniň sagdyn, syratly we owadan bolmagyna, bedenimizdäki dürli artykmaç ýaglaryň azalmagyna hem keseliň bizden daşlaşmagyna getirýär. Şonuň üçinem köpräk hereket etmegimiz zerurdyr. Hereketli durmuş — bu tämiz howada gezelenç etmek, tebigata syýahata çykmak, pyýada ýöremek, ylgamak, beden maşklaryny etmekdir. Sport türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşmak wajypdyr.
Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işeňňirligini artdyrýar, ruhuny belende göterýär. Şeýle hem dürli keselleriň öňüni almakda, daýanç, hereket ediş ulgamyny berkitmekde peýdalydyr. Fiziki maşklary ýerine ýetirmek ýaly endikler diňe bedene syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuwdan soňky ýadawlygy aýryp, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar, şeýle-de bedeniň çeýeligini, gan aýlanyşygyny sazlaşdyrýar. Şonuň üçin hem, dürli ulgamlarda, dürli kärlerde işleýän ildeşlerimiz sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, irdenki maşklary ýerine ýetirmegi özleriniň gündelik endiklerine öwrüp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidir.
Ýaşlar, ylaýta-da, kiçi ýaşly çagalar bilen maşklar oýunlar bilen sazlaşykly geçilse gowy bolýar. Ýaş bedeni berkitmekde, saglygyny goramakda ata-babalarymyzyň milli hereketli oýunlarynyň hem ähmiýeti uludyr. Adamyň hereket etmegini talap edýän oýunlara «hereketli oýunlar» diýilýär. Olara gizlenpeçek, Aýterek-Günterek, gözdaňdy, çilik, ýaglyga towusmak, monjugatdy, at üstündäki oýunlar we beýlekiler degişli. Bu oýunlar öz mazmuny boýunça häzirki döwürdäki milli sport oýunlaryna meňzeşdir. Olar ýaşlaryň beden hem akyl taýdan berkemegine, sagdyn ösmegine ýardam berýär. Çünki hereketli oýunlar oýunçydan çalasynlygy, ugurtapyjylygy, ýyndamlygy, çalt pikirlenmegi talap edýär.