Geçen ýekşenbe güni daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşany bolan Hasyl toýunyň dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyryldy. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem bu baýram uludan tutuldy. Baýramçylyk dabarasy Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu ýere ir säherden oba hojalyk işgärleri, welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, il sylagly ýaşulular we beýleki myhmanlar ýygnandylar.
Toý gününde meýdança ajaýyp görnüşler bilen bezelipdir. Bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, öz topragymyzda öndürilen azyk, senagat önümleriniň, daýhançylyk gurallarynyň, çeper elli gelin-gyzlaryň el işleriniň, olaryň şaý-sepleriniň, at esbaplarynyň, küýzegärçilik, amaly-haşam sungatynyň, «ak altynyň» täze hasyly bilen doldurylan horjunlaryň, şeýle hem bugdaý sümmülleriniň, tamdyrda täze bişirilen çörekleriň, pişmeleriň, beýleki milli nygmatlaryň sergileri guralypdyr. Şeýle hem sergide ýurdumyzda ýetişdirilen şirin-şeker gawun-garpyzlar, kädidir beýleki bakja önümleri ýerleşdirilipdir. Dabara gatnaşyjylar bereket-bolçulygy alamatlandyran bu sergilere uly buýsanç bilen syn etdiler. Ýaş suratkeşler bolsa oba durmuşyny, «ak altynly» meýdanlary, bedew atlarymyzy, daýhan yhlasy bilen döredilýän belent harmanlary wasp edýän suratlary çekip, baýramyň belent ruhuny ylham joşguny arkaly beýan etdiler. Bu ýere gelenlere Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde bejerijilik häsiýetleri hakyndaky maglumatlar beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlar hödür edildi.
Ýeri gelende aýtsak, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary Hasyl toýuna mynasyp sowgatly geldiler. Olar 265 müň tonna ýokary hilli bugdaýy, 275 müň tonna «ak altyny», müňlerçe tonna şaly, gök-bakja ekinlerini Watan harmanyna tabşyryp, uly üstünliklere, at-abraýa eýe boldular. Şeýle guwandyryjy netijeleri gazanmakda etraplaryňdyr daýhan birleşikleriniň, tejribeli kärendeçileriň mynasyp goşantlary bar. Şonuň bilen birlikde, olara hasyly ýetişdirmekde we ýygnap almakda kombaýnçylar, sürüjiler ýakyndan ýardam berdiler. Olaryň janypkeşlikli zähmetleri netijesinde gazanylan zähmet ýeňşi Hasyl toýy bilen birlikde, golaýlap gelýän baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Şu mynasybetli toý dabarasynda dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmekde we olary ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmakda gujur-gaýratly zähmet çeken öňdebaryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, hünärmenleriň bir toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar zähmetlerine berilýän baha, goýulýan sarpa üçin öz hoşallyklaryny beýan edip, gazanan zähmet ýeňişleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň kömek-goldawlarynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň durandygyny aýratyn nygtadylar.
Hasyl toýy welaýatyň beýleki şäherdir etraplarynda hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda uly dabaralara beslenip geçirildi.