Halkyň saglygy — ýurt abadançylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygy, durmuş abadanlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem ynsan saglygy hakyndaky aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Raýatlarymyzyň saglygy hakynda döwletimiziň edýän aladalaryny, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda görülýän zerur çäreleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çärelerinde arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi, dogry we kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek we agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak barada gürrüň edilýär. Şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda ygtybarly çäredigi hakynda ündelýär. Ýaşaýyş we iş otaglarynyň arassaçylygyna, zyýansyzlandyrylyşyna we ýelejiredilmegine gözegçilik edilýär we bu babatda zerur çäreler wagtly-wagtynda berjaý edilýär. Şeýle hem ýygy-ýygydan üzärlik tütedilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça sanjym işleri talabalaýyk amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzyň sebit boýunça ilkinjileriň hatarynda bu sanjymlary hasaba alandygyny aýratyn nygtamak zerur. Bu bolsa ýurdumyzyň bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde ykrar edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Автор записи: admin