Halkyň köňül kelamy

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, TAP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, TKA-nyň Daoguz welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramagynda 2022-nji ýylyň — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halk, Arkadag, zamana diýen üç mukaddesligiň güýjüne daýanýan Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan, halk bähbitli işleriň diňe öňe ilerleýän döwletidiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Dabaranyň dowamy Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna ulaşdy.
* * *
Şeýle mazmundaky maslahat Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirildi.
Çykyşlarda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň taryhyna şan getirjek 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagynyň watandaşlarymyzyň köňül arzuwynyň beýany bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň mundan beýläk-de dünýä ýaň salmagy arzuw edildi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Автор записи: admin