Halkymyzyň medeni mirasy umumadamzat baýlygydyr

Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan medeni mirasymyzy ösdürmek, olary gorap saklamak hem-de geljekki nesillere miras goýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Dünýä halklarynyň her biriniň özüne mahsus aýratynlyklary, şöhratly geçmişi bolup, olaryň özboluşly taryhy-medeni ýadygärlikleri bar. Köki alys geçmişiň bäş müň ýyllyk gatlaryna siňip gidýän türkmen milletiniň taryhy baýdyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň gazananlarynyň esasynda, uzak geljegi nazarlaýan beýik işler jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak, dikeltmek we geljekki nesillere miras goýmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir.
Biziň ýurdumyz bütindünýä medeni mirasynyň gymmatlyklaryny aýawly saklamak işinde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.
Esasy Kanunymyzda beýan edilişi ýaly, döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi goramak, aýawly saklamak çygrynda bu ugurda kabul edilen halkara resminamalara uly ähmiýet berýär. Oňa ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda» we «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda» esasy Konwensiýalaryna goşulmagy we şol ulgamda halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygy şaýatlyk edýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak boýunça wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly, medeniýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ulgamyň hukuk esaslaryny berkitmek bilen bagly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Автор записи: admin