Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýakynda Azerbaýjan Respublikasynda 1-nji halkara Lutfi Zade we Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen 8-nji halkara geometriýa olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. 1-nji halkara Lutfi Zade olimpiadasynda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Abdulla Abdullaýew kümüş medala, Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen 8-nji halkara geometriýa olimpiadasynda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mahtuza Hudaýbergenowa kümüş medala, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Koçkarow bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.
Похожие записи '
05 Мар
SAGDYN BOLUŇ-SAGLYK BAGTLY DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy....
05 Мар
Mugallymlar üçin okuwçylar we çagalar bilen koronawirusyň keseli (COVID-19) barada gürleşmegiň ýollary
Bütin dünýäde adamlar özüni, maşgalalaryny we jemgyýetini koronawirusyň keselinden (COVID-19) goramak üçin çäreleri görýär....
25 Фев
Türkmenistanda halkara bilim olimpiadalary geçiriler
Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly olimpiadalary geçirmek barada hasabat...
13 Фев
Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçiriler
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň...