Halk Maslahaty: Energetika we gurluşyk toplumy barada habarlar

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär. Onda 2021-nji ýylda halk hojalygynda amala aşyrylýan işler barada hasabatar diňlenildi.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Şol mejlisde gurluşyk we energetika pudaklarynda ösüşler baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

  • Türkmenistanyň Senagat we önümçilik ministrligi tarapyndan 1 milliard 675 million manatlyk önüm öndürildi.
  • Hasabat döwründe 2 million 28 tonna sement öndürildi.
  • Hasabat döwründe 28 milliard 476 million kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi.
  • 7 milliarddan gowrak elektrik energiýasy eksport edildi.
  • 2021-nji ýylda 73 sany iri desga gurlup, ulanmaga berlip, topluma degişli halkalaýyn energo ulgamyň Ahal-Balkan bölegi, Çärjew etrabyndaky 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik bekedi guruldy.
  • 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň maýa goýum maksatnamasy taýýarlandy we tassyklandy.
  • Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.