2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bellenilip geçilýär.
Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys wakasyna öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri goýuldy.
Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň häkimleri 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça hasabatlaryny berdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda döwletiň hem-de onuň institutlarynyň geljek 30 ýyl üçin ösüşiniň esasu ugurlaryna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu meselede adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy aýratyn ileri tutulýandyr.