Kerwen agadyr Gyrmyzy gelnejäniň işigine üçünji sapar gyz idelip gelindi. Göräýmäge, sypaýy, epeý, salyhatly görünýän sawçylar, turuwbaşdan, gyz berilmese, elini çekjek däldiklerini duýdurjak bolýana çalymdaş, özleriniň sylanýan ýerdendiklerini öwran-öwran nygtadylar. Öý eýeleri soraşyp-ideşjekdiklerini aýdyp, olary zordan ugratdylar.
Gyzlaryndan rugsat sorara salym geçirmän, ýene-de üstüni basdylar. Gyrmyzy gelneje adamsynyň ýüzüne seretse, olam haýran bolup, aýalynyň ýüzüne garap-garap goýdy. Sawçylara salym bermeklerini, däbiň şolar ýalydygyny düşündirmeli boldy.
— Ana, ejesi, diýeniň geldi — diýip, myhmanlary ugradan Kerwen aga işikden girip-girmän, Gyrmyzy gelnejä ýüzlendi.
— Ýeri, näme diýenmişim men?! — diýip, onsuzam sawçylaryň bolşuna gahary gelip duran aýaly tasanjyrady. Sawçylar üçin ýazylan, heniz ýygnalmadyk saçagyň başyna geçen Kerwen aga basyrylgy duran çäýnegi öňüne çekdi.
— «Iki egniňde perişde oturarmyş. Agzyňdan gaçyran zadyňa el göterermiş» diýen ýalydym men saňa. Ana, diýenim bolmadymy?
— Aýdan bolsam, ýagşylyga aýdandyryn. Beýle boljagyny men öňünden gurra taşlap bilmerin ahyry. Onsoňam, özüň bilýäň-ä, gyzyňa gaharym gelen wagty diýäýýän-dä. Derrewjik Aýşat jany çykarasymyzam ýok-la. Onda-da tanamaýan-bilmeýän ýeriňe.
Kerwen aga aýalynyň bolşuna ýylgyrdy:
— Ozal iki gezek gyz çykaryp gördüň. Bular ýaly keýpiň gaçgyn wagtyn-a görmändim, keýwany! Şü körpe gyzyňy söýýäniňe, käýeýäniňe düşünemok men-ä.
Gyrmyzy gelnejäniň öňküsi ýaly gyzlaryna guwanyp gepleýän badyhowa gürrüňleri bu gezek diliniň ujunda galdy.
Gyzynyň sesini çykarman, razylyk alamaty hökmünde başyny aşak salmagyna, şondanam kän wagt geçmän, sawçylaryň ýene-de gapysynyň agzynda ulagdan düşmeklerine äm-säm bolan ata-enä ýalandanam bolsa, ýylgyryp, olary saçak başyna geçiräýmekden başga alaç galmady. Bu gezek diňe är-aýal bolup gelen myhmanlar köne tanyş ýaly, öý eýeleri bilen gadyrly saglyk-amanlyk soraşdylar.
Gürrüňçilik uzaga çekdi. Iki tarapyňam kemsizje sorag-ideg edendigini, bir-birege göwünleriniň ýetendigini olaryň arasynda tanyş-bilişleriň adynyň agzalmagam äşgär edýärdi.
Orta bugaryp duran palawyň getirilmegi bilen, gürrüňdeşligiň arasyna böwşeňlik aralaşdy. Uzak ýoluň argynlygyny palawyň yzyndan getirilen gök çaýam aýyrsa aýrandyr weli, öý eýeleriniň: «Sözüňizi aldyk» diýmesiniň özem myhmanlaryň keýpini görnetin gowulandyrdy. Kerwen agadyr Gyrmyzy gelnejäniň biri-biriniň ýüzüne seredibermesiniň aşagynda bir zadyň ýatandygyny duýan Myrat aga oturyp bilmedi:
— Kerwen guda, görýän weli, sizi bir zad-a biynjalyk edýän ýaly…
Adamsynyň gökden düşen ýaly bolan bu sowalyny Jemal gelneje ýuwmarlamaga çalyşdy:
— Diýýäniň näme, Myrat! Heniz özüň gyz çykaryp görmäňsoň diýäýýäň-dä. Onda-da uzak ýere gözüň agy-garasyna deňäp oturan perzendiňi eliň bilenjik ugratmaly bolsaň… Entegem gudalar mert durlar.
Kerwen aga içindäkini çaltrak aýdyp dynmasa, özüne jaý tapmajagyny bilen borly, mus-muslap durmady-da, aýalyna bakyp, gürrüňe ýol arçady:
— Neme-dä, Myrat inim! Siziň-ä birinji gezek ogul öýlendirjek bolşuňyz. A biz mundan öňem iki ogul öýlendirdik, iki gyz çykardyk. Tüweleme, enteg-ä: «Ogluň gyzymyza azar berdi, gyzyňa terbiýe berip bilmänsiň» diýip, gapymyzdan ätlän adam ýok. Gaýtam, terbiýe beren çagalarymyz sebäpli alkyş alyp otyrys.
Ol: «Galanyny sen aýt!» diýen terzde aýalynyň ýüzüne gözledi-de, dymdy. Halynyň gülüni dyrmap oturan Gyrmyzy-da agyr ýüküň aşagynda galan ýaly, başyny galdyrman gepledi:
— Neme-le, o diýen bir wawwaly dälem ýaly, bir seretseň, ynjygrak mesele ýalam, ýa biziň göwnümize şeýlemi?!
Sözleri alnan sawçylaryň olaryň bolşuna geňirgenişleri bilner-bilinmez biri-biriniň ýüzüne garaýyşlaryndan duýuldy. Muny aňan Gyrmyzy gelneje gönülemese bolmajagyny bildi:
— Jemal guda, bu gürrüň aslynda ikimiziň aramyzda bolaýmaly ýaly weli, özüň bilýänsiň-le, häzirki gyzlar atasynyň hakyky läligi bolupjyk çykaýýarlar.
Gürrüňiň özüne ýöňkeljegini ozaldanam aňyp oturan Kerwen aga ýylgyrdy-da oňaýdy. Aýaly dowam etdi:
— Körpämiz bolansoň, läliksiredip, näme iýjek diýse, agzyna tutup beripdirismi, şunymyzyň-a nahar dannamasy bardyr.
«Wawway» meseläniň düýp özenine düşünip bilmän, öý eýeleriniň agzyna bakyşyp oturan myhmanlar olaryň bu gürrüňine hezil edişip gülüşdiler. Emma Kerwen agadyr Gyrmyzy gelnejäniň bu mahal gülki ýadyna düşenokdy. Myrat aga gülküsiniň arasynda özüne geňirgenip bakan Kerwen aga ýüzlendi:
— Aý, guda, köneleriň bilmän aýdýan zady ýog-ow! Näme diýilýändir-ä Jemal, gaýyn-gelin barada, hä, hä, ýadyma düşdi, «Gaýyn bilen gelniň topragy bir ýerden alnarmyş». Gudalara gaty yhlas edenimiz eýýäm bildirip başlad-ow, enesi!
Olaryň gülüşmesiniň asyl sebäbi onuň ýaşlyk ýatlamasyndan soň düşnükli boldy:
— Biz köp çagaly maşgaladyk. Jemal bolsa biriniň ýeke gyzydy. Toý edenimizde, aç galýan günleri köp boluberensoň, iýmeýän naharlarynam iýmäge mejbur boldy. Asyl, nahar dannamaga wagt bolmasa näme munda?! Onda-da on çagaň içinde. Şeýle dälmi, Jemal?
— Islänimi iýip, islänimi geýip ýören döwrümiň atam öýümde galanyny aňlamaga köp wagtam gerek bolmady, maňa — diýip, Jemal gelneje-de güldi.
— Beý diýsek, gyzymyz hor bolarmyka diýip oýlaýmaweriň, gudalar! Köpümiz-küjümiz ýok. Bary-ýogy üç sanyjak gözümiziň agy-garasyna deňäp oturanymyz bar. Onsoňam, gyz diýeniň gyzyl güldür. Açylyp oturan bägüle nähili garalýan bolsa, gyz-gelne-de şonuň ýaly seretmelidir. Nesip bolsa, Aýşat jany törümize geçirsek, ol halan zadyny iýip, halanyny geýer — diýip, Jemal gelneje gudalary arkaýynlaşdyrdy.
Sawçylar işiklerini kakaly bäri, ýüreklerini ünjä goýup duran mesele-de çözülensoň, öý eýeleriniň göwünleri açyldy. Bileleşilip, maslahat bilen toý sähedi bellendi. «Entek durmuşa çyksaň görersiň. Ejeň öýi ýokdur saňa. Açja galan wagtyň meniň naharlarymy köp ýatlarsyň entek. Gaýyn ene diýilse, ejeň ýalydyr öýtmegin!» diýip, soňky wagtlarda häli-şindi gyzyna käýinýän pursatlary, onuňam adamsyna ýokman: «Goý, şu gürrüňleriňi!» diýşi göz öňüne gelen Gyrmyzy gelnejäniň gözlerine ýaş aýlandy. Ony assyrynlyk bilen synlaýan Kerwen aga-da duýdy. Ýüreginden bir zat üzülen ýaly boldy-da, kalby ezildi. Ýöne myhmanlaryň öý eýeleriniň ýüreklerinde bolup geçýän galpyldylardan bu mahal asla habarlary ýokdy.
Gyz maşgalanyň ozaldan ýazgydy şeýle: ata-enäni gynandyryp, bagt öýüne ýola düşmeli. Ata-enäniň gujagy, öýüniň töri boşar, emma balasynyň bagty üçin hemme zada taýyn bolar.
Kerwen aga bilen Gyrmyzy gelneje-de şeýtdi. Ýüreklerinde dörän adaja yzany basyp, açyk ýüz bilen ellerini göterip, körpe gyzlaryna bagt arzuwladylar.