GYZ EDEBI — IL EDEBI

Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylýar. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: «Gyz edebi — il edebi» diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiňiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.
Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Olar ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde-de öz mynasyp orunlaryny tapypdyrlar. Yşk mülküniň şasy Mollanepes tarapyndan «Seniň kimin gözel bolmaz jahanda» diýlip, tarypy edilen gyzlarymyz halkymyzyň arzuw-umydydyr, ýüzleriniň tuwagydyr. Olara ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, eli çeperlik ýaly oňat häsiýetler ýaraşýar. Ýaşaýşyň edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, geljek nesillere-de görelde boljakdyklaryna ynamymyz uly.
Taryha ser salsaň, türkmen zenanlary Watana, öý-ojaga, söwer ýara bolan wepadarlygyň asyl nusgasyny görkezipdirler. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna geljekki durmuşynda gerek boljak hünärler bolan biş-düş, tikin-çatyn, haly dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly işleriň inçe syrlaryny öwredipdirler. Enäniň her bir hereketini gyz maşgala öz häsiýetine geçirýär. Şonuň üçin hem könelerimiz eneleriň öz çagalaryna, onda-da gyz perzendine görelde mekdebi bolmalydygy barada parasatly sözleri aýdypdyrlar. Şol parasatly jümleleriň aglabasy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly  kitapda hem berlipdir. Ynha, olardan birnäçesi: «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Gyzy saklap bilmeseň, güň bolar, ýüpegi saklap bilmeseň — ýüň», «Gyzyň boýy ýetdi, çawy gitdi», «Gyzda — haýa, gelinde — şerim», «Gyz bar — nep getir, gyz bar — gep», «Gyz — gyzyl alma, gyzy gözden salma», «Gyzarana gyz diýerler, agarana — biýz».
Gyzlaryň öz ejeleriniň el işlerine bolan ezberligini, yhlasyny ýörelge edinýändigini «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde» diýen atalar sözi hem tassyklaýar. Gülden näzik göwnüň hiç wagt ynjamazlygy üçin gyzjagazlaryň geljekki durmuşynyň aladasy olaryň çagalygyndan başlanýar. Öý-içeriniň arassaçylygy, timarlylygy, bezegi gyz maşgalanyň iň bir belent we esasy borçlarynyň biridir.
Gyz maşgala, onuň hereketleri hemmeleriň gözünde bolýar. Şonuň üçin hem ene-mamalarymyz gyzlara öwüt berende, gürrüňdeşlikde, şatlanan, begenen wagty gülenlerinde, sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler.
Gelin-gyzlaryň edim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän, olaryň boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, dünýä halklarynyň arasynda milli medeniýetimize, mirasymyza buýsanjymyzy artdyrýar. Şonuň üçin gelin-gyzlarymyzyň millilige görä geýinmekleri hem edep kadalarynyň biri hasaplanylýar.
Öňki döwürlerde biziň ýurdumyzda bolan daşary ýurtly syýahatçylaryň biri: «Türkmenler ogul-gyzlaryny özleriniň göreldesi bilen terbiýeleýän eken» diýip belläp geçipdir. Türkmen halkynyň gyza terbiýe berşi üýtgeşik. Gelin-gyzlarymyzda biziň halkymyza mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Автор записи: admin