Däbe öwrülen sebit we il bähbitli işleri dowam etdirmek maksady bilen, geçen hepdäniň şenbe güni ýurdumyz boýunça güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi. Ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmet baýramçylygyna, türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bag ekmek dabarasy Daşoguz welaýatynda hem ýokary işjeňlik häsiýetine eýe boldy.
Ir bilen welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, aksakgal ýaşululardyr mährem eneler, Daşoguz — Aşgabat ýolunyň ugrundaky giň meýdanda ýygnandylar.
Bag ekmäge niýetlenip, birkemsiz taýýarlanan 10 gektar meýdanyň töweregi toý ruhubelentligine beslendi. Şeýle göwün göteriji pursatlarda bu asylly çärä — bag nahallaryny oturtmak işine il sylagly ýaşulularyň dabaraly ýagdaýda badalga bermegi bilen, giň meýdandaky ruhubelentlik has belende göterildi. Olaryň göreldesine eýerip, dürli ýaşdaky ildeşlerimiz hem bag ekmeklige girişdiler. Bag ekmek dabarasyna täze durmuşa gadam basýan ýaş çatynjalaryň hem gatnaşmagy ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy. Sebäbi olar bu gün özleriniň ilkinji maşgala bag nahallaryny ekýärler. Geljekde ol nahallar topraga kök urup, ösüp-ulalyp, saýaly daragt bolup ýetişerler we maşgala mukaddesliginiň, nesil dowamatynyň nyşanyna öwrülerler.
Dabara meýdançasynda guralan türkmeniň alty ganat ak öýleriniň hatary bolsa ol ýerdäki toý öwüşginleri bilen özara sazlaşygy emele getirdi. Açyk asmanyň astyndaky sahnada, agaç nahallaryny ekmek üçin bellenilen ýerleriň golaýynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ene topragymyzyň hem-de halkymyzyň döredijilikli zähmetini, täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp etmekleri çärä gatnaşyjylaryň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Şeýle-de bu ýerde kitap sergisi, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň, dermanlyk ösümlikleriň, dürli gülleriň, türkmen halkynyň durmuşynda ulanylýan milli zähmet gurallarynyň, Daşoguz şäher we etrap çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergileriniň guralmagy meýdança özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezindeniniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasynda dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlar hödür edildi.
Şol gün bu gözel künjekde ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda dürli agaç nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy. Täze ekilen baglar özboluşly ýaşyl zolagy emele getirdi.
Ir säherden başlanan ählihalk bag ekmek dabarasy welaýatyň etraplarynda, obadyr şäherleriň ähli ýerlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013 — 2020-nji ýyllarda gadymy Bötendag belentliginiň golaýynda 20 müň gektar meýdanda tokaý zolagyny döretmek baradaky Kararyna laýyklykda geçirilen giň möçberli işleriň netijesinde, bu ýer düýpli özgerip, ajaýyp görnüşe girdi. Şeýlelikde, häzirki wagtda onuň gözel tebigatyny görmäge göz gerek. Şoňa görä-de, soňky döwürlerde ony synlamaga, täsinlikler dünýäsine gezelenç etmäge ýa-da başga bir sebäp bilen bu ýere gelýänleriň sany artdy.
Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilmegi mynasybetli, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň bir topary bu ýere geldi. Olar ilki Bötendag düzlüginde tokaý zolagynyň döredilişi, onuň ähmiýeti, çöl ösümliklerini ýetişdirmegiň usullary bilen tanyşdylar. Soňra TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň meýletinçiler toparynyň agzalary bilen birlikde guran çöl ösümlikleriniň ýaş nahallaryny ekmek işine gatnaşdylar. Indi birnäçe ýyldan bäri däbe öwrülen bu çäre esli wagt dowam etdi. Netijede, bu ýerde ýakyn ýyllarda belent başly ösümlikleriň giň ýaýrawly meýdanynyň döremeginiň esasy bolan ýaş nahallaryň uzyn hatarlary peýda boldy. Munuň özi ezber ýaşlaryň gadymy mekanyň has hem gözelleşmegine özboluşly goşandyna öwrüldi.