GUWANDYRYJY NETIJELER

Galla oragy Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde has-da ýokary depginde barýar. Hojalyk şu ýyl 995 gektar ýerden 1750 tonna guşgursak ak bugdaýy öndürmegi meýilleşdirýär. Irki möhletde galla oragyna girişen bu hojalykda şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany barha artýar. Şeýle gallaçylardan Akjagül Saparowa, Baýramgül Myradowa, Göwher Kelbaýewa, Guwanç Aşyrow dagy uly zähmet ýeňşini gazandylar.
Hojalykda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bugdaý orujy kombaýnlarynyň 4-siniň saz işledilmegi gazanylýar. Bu kombaýnlara Ýagşymyrat Babaýew, Begdurdy Hojaýew, Bäşim Artykalyýew ýaly tejribeli kombaýnçylar başarjaňlyk bilen erk edýärler. Taýýar hasyly daşamakda ýük awtoulaglaryň sürüjileri hem gaýratly zähmet çekýärler. Olardan Myrat Hojanýazow, Berdimyrat Kakyşow, Hemra Nurmedow dagy aýratyn tapawutlanýarlar.

Автор записи: admin